Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, ýaňy- ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän №74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirdi. Çärä «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow hem-de şahyryň ogly, «Diýar» žurnalynyň fotohabarçysy Ahmet Taňrygulyýew, gyzy Maýa Taňrygulyýewa gatnaşdylar. Myhmanlar şahyr Kaýum Taňrygulyýew hakynda gyzykly we täsirli gürrüňler edip berdiler. Mekdep okuwçylary şahyryň pasyllara degişli goşgularyny, birnäçe matallar, ýaňlytmaç häsiýetli goşgularyny labyzly edip aýdyp berdiler. Hünärmenler şahyryň kitaplaryndan sergi guradylar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm