Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hereket edýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forumyna taýýarlyk görmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
2022-nji ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boldy.
Türkmenistan özüniň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça sebit we ählumumy bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar.
Bu maslahatyň ilkinjisi 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirildi. 30-dan gowrak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişi,
500 milliondan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, geografiki çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýoluny täze şertlerde dikeltmek ugrunda amala aşyrýan beýik başlangyçlary, ýurdumyzda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary diňe bir söwda-ykdysady bähbitleri göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüşiň beýleki wajyp ugurlary bolan durmuş we ekologiýa abadançylygyny gazanmaga ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ulag syýasaty hem-de bu ugurda öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli teklipler söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirýär, telekeçiligiň ösmegine ýardam edýär, deňiz, howa, guryýer ulaglary boýunça logistika hyzmatynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrýar.
Maýsa BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.