Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny dünýä giňişliginde goldamakda hem-de wagyz etmekde, ýurdumyzda ylmy, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamaly:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Helen Rudy,

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowy,

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Ruzbehanini,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Ýosef Haýnsäni,

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azatbekowiç Alimowy,

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Kirillowiç Wolynkini,

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodany,

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky,

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini,

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Kim Jun Çoly,

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratnany,

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Tadeusz Andrisýagy;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni Baýram Hudaýberdiýewiç Rahimgulyýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw-barlaghana bölüminiň lukmançylyk ugry boýunça nemes dili mugallymy Maýa Annaýewna Aşyrowany,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň başlygy Altyn Kakajanowna Mommadowany,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň birinji sekretary Döwlet Bahtiýarowiç Çotbaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.