Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi we döwrebap derejede kämilleşmegi ata Watanymyzyň ösüşleri bilen berk bagly bolup durýar. Milli kanunçylygyň binýady hökmünde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda, kabul edilende, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, milli bähbitlerini, halkara hukugynyň kadalary, umumadamzat bähbitlerini nazara almak, parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ýaly hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen tagallalar hyzmat etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli kanunçylygyň berk binýady döredildi. Häzirki wagtda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnama» Türkmenistan özygtyýarly milli döwlet hökmünde özüniň bütin çäginde häkimiýeti doly amala aşyrýandygyny jar etdi. Bu bolsa döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda hil taýdan täze başlangyçlaryň kemala gelmegi üçin binýatlyk esas boldy. Bu hukuk resminama 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy hukuk şertleri döredip, dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döremeginde esas goýujy wajyplyga eýe boldy. Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi – belent maksatlaryň, türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletiniň döredilmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, gelip çykyşyna we dinine garamazdan, her bir adam üçin Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda beýan edilen hem-de halkara hukugyň beýleki kadalaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, kanunyň agalyk edýän ynsanperwer, demokratik jemgyýeti gurmagyň hatyrasyna Türkmenistanyň çägini öz içine alýan garaşsyz döwleti jar etdi.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky täze durmuşy gurmagyň, berkararlygy, ýurt rowaçlygyny, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmegiň ýoluny taryhy resminamada – Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etdi.
Ýurt Garaşsyzlygynyň halkara esaslaryny hem aýratyn bellemegimiz zerur. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň deňhukukly agzasy boldy. Şol döwürden başlap, döwletimiz BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklarda özüniň ornuny berkidip başlady. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýaly häsiýetleri beýleki halklar bilen özara bähbitli dialogy saklamaga ýardam etdi. Şularyň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda syýasy gurluşyny saýlap almakda aýgytly şertleri bolup, ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň esasy binýadyny goýdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamasy bilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi.
Türkmenistan parahatçylyk, abadançylyk, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak arkaly, döredijilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirdi. Ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artdy. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda üçünji gezek Türkmenistany hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edendigini bellemegimiz zerur. Bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul edendigini bellemek has-da ýakymly. Bu senäniň halkara derejesinde yglan edilmegi bolsa, diňe bir Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine berlen ýokary baha bolman, eýsem, döwrüň talaby, halkara diplomatiýanyň umumy üstünligidir.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyndan soňra milli kanunçylyga we daşary syýasat işiniň kanunçylyk binýadyna hemişelik Bitaraplyk bilen bagly hukuk namalaryny girizmek zerurlygy döredi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň gözbaşy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Milletler Bileleşiginiň Kararnamalarynyň many-mazmunyndan ugur alýan kadalar öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji we 9-njy maddalary hemişelik Bitaraplygyň ykrarnamasy we esasy konstitusion ýörelgeleri, halkara hukugynyň kadalary bilen sazlaşygy emele getirdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we onuň esasynda hereket edýän milli kanunçylyk ulgamy biziň döwletimiziň halkara işlerine işjeň gatnaşmagynyň hem-de onuň umumydünýä syýasy-hukuk giňişligine goşulyşmagyna binýatlyk esas bolup durýar. Şunda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda», «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kadalary we olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan diplomatik-guramaçylyk, medeni-ynsanperwer işleri, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň milli hukuk ulgamyna esaslanýan ýörelgedigini aýdyň şöhlelendirýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan zähmet üstünlikleri hem-de ýetilýän belent sepgitler durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary bilen berk baglydyr. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerine çykjakdygyna, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanjakdygyna ynamyň has-da artýar.
1998-nji ýylda «Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordenini döretmek hakynda», 2015-nji ýylda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medalyny döretmek hakynda», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bolsa, hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegine we berkarar bolmagyna, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp şahsy goşantlaryny goşan adamlary sylaglamakda möhüm ähmiýete eýe bolup, mähriban halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermekde alyp barýan işleri, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde berýän goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Nepes Rozyýew,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy.
PDF








