2023-nji ýy­lyň 14-nji no­ýab­ryn­da Hal­ka­ra Atom Ener­gi­ýa­sy Agent­li­gi­niň (IAEA) We­na­da­ky baş bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Awst­ri­ýa­da­ky il­çi­si H.Aman­na­za­ro­wyň Agent­li­giň baş di­rek­to­ry Ra­fa­el Gros­sä Türk­me­nis­ta­nyň Ýad­ro he­läk­çi­li­gi ba­ra­da des­sin ha­bar ber­mek ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa hem-de Ýad­ro ýa-da ra­dia­si­ýa he­läk­çi­li­gi ýag­da­ýyn­da kö­mek ber­mek ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa go­şul­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy ha­bar ber­ýär.
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len IAEA-niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga oňyn ba­ha ber­di­ler hem-de öň­de du­ran we­zi­pe­ler ba­ra­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ag­za­lan Kon­wen­si­ýa­la­ra go­şul­ma­gy 2023-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da gol­da­dy. Bu kon­wen­si­ýa­la­ra go­şul­mak ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­lar gow­şu­ru­lan­dan soň 30 gün­den bu Kon­wen­si­ýa­lar Türk­me­nis­tan üçin güý­je gir­ýär.