12-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie’s Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyk söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge hem-de täze ugurlary we mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa kompaniýalary öz işleri we önümleri barada maglumat berdiler we türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de Türkmenistanyň içerki bazaryna girmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ilçi M.Maşalow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.