Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Medeniýet ministriniň we syýahatçylyk müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenen Ilçisi Kler Brosna hem-de Irlandiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ikinji sekretar-konsuly Karen Winsent arasynda iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda Medeniýet ministri Türkmenistanyň Medeniýet ulgamynyň işi barada şeýle-de ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, aýdym-saz sungaty barada durup geçdi. Şeýle-de ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek üçin iki ýurtda syýahatçylyk boýunça geçirilýän sergilere we maslahatlara gatnaşmak teklip edildi. Myhman Kler Brosna çykyşynda ýurdumyzyň däp-dessurlarynyň, taryhynyň we Aşgabat şäheriniň arhitekturasynyň örän owadandygyny we özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Şeýle-de bu duşuşykdan soňra iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň işjeň häsiýete geçjekdigini, iki döwletiň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän wajyp bolup durýandygyny belledi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm