4-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisinde Polşa Respublikasynyň Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň biridigi bellenilip, parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işini guramak boýunça pikir alşyldy.
Duşuşykda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň meselelerine garaldy. Şeýle hem şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Çeşme: mejlis.gov.tm