20-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy Kim Çžin Pýo­nuň ara­syn­da iki ýur­duň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Mej­li­siň ýol­baş­çy­sy dost­luk­ly ýur­duň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy Kim Çžin Pýo­ny oňa ýo­ka­ry sy­la­gyň – “Bi­ta­rap­lyk” or­de­ni­niň gow­şu­ryl­ma­gy bi­len gut­la­dy hem-de alyp bar­ýan iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy ko­re­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­läp, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da par­la­men­ta­ra dia­lo­gyň äh­mi­ýet­li or­nu­na ün­si çek­di.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de gut­lag­lar üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­nyň oňyn hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Ne­ti­je­li par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk bu gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Söh­bet­deş­ler iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän döw­le­ta­ra dia­lo­gyň soň­ky ýyl­lar­da ýe­ti­len ýo­ka­ry de­re­je­si­ne oňyn ba­ha be­rip, iki ýur­duň däp bo­lan hem-de il­ki­baş­dan deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze dep­gin ber­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny bel­le­di­ler.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de myh­man­lar mil­li par­la­men­tiň dü­zü­mi hem-de işi bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­re dur­nuk­ly ösüş hä­si­ýe­ti­ni ber­ýän bir­nä­çe ka­nun­lar, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we ka­bul edil­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­ýär, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk, şol san­da, par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ko­reý par­la­men­ta­ri­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­nyň hem-de onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len şu gün­ki du­şu­şy­gyň bu hyz­mat­daş­ly­ga oňyn hä­si­ýet ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.
Soň­ra Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň öňün­de çy­kyş edip, ko­reý ta­ra­py­nyň Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.