6-njy aprelde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.