6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň “Durmuş ösüşi we adalatlylyk üçin parlament hereketi” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlary, şeýle hem ýurdumyzda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.
Maslahatyň dowamynda D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň işiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini – Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmaga, netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem Parlamentara gatnaşyklaryň dünýa döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adam saglygyny goramak, täze iş orunlaryny döretmek, gender deňligini üpjün etmek, ykdysadyýetiň ugurlaryny sanlylaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtady.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynda göz öňünde tutulan, dünýäniň we adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbitleri üçin köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda Parlamentara Bileleşigiň işine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Parlamentara Bileleşigiň wekillerini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäginde geçirilýän maslahata gatnaşdy

6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy M.Kulyýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilýän Adam hukuklary boýunça parlamentara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy.
Türkmen tarapy «tegelek stol» maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen alnyp barylýan işlere, hususan-da milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy her bir döwletde adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem adam hukuklary babatda borçnamalaryň we ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde halkara guramalar bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini kanagatlanma bilen belledi. Bu ugurda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» esasynda işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.