14-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 59-njy plenar mejlisine gatnaşdy. Şeýle hem bu mejlise Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan we Özbegistan Respublikalaryndan Parlament ýolbaşçylary, hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Plenar mejlisiň dowamynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, standartlaşdyrmak, jemgyýetçilik howpsuzlygy, çagalaryň hukuklary boýunça Adalatçynyň instituty hakynda we beýleki nusgalyk kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de şu ýylyň dowamynda geçirilen medeni çäreler, okuw maslahatlary barada maglumatlar bilen çykyş edildi.

Plenar mejlisiň işine gatnaşyjylar bu halkara çäräniň GDA agza ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine we sebitleýin integrasiýanyň güýçlendirilmegine uly itergi berjekdigini bellediler.

Şol gün wekiller Duşenbe şäherindäki Dostluk meýdançasynyň «Täjigistanyň Milli Birligi we Galkynyş» memorial toplumynda  Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Çeşme: mejlis.gov.tm