25—27-nji okt­ýabr­da Aş­ga­bat­da “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2023” at­ly XXVIII hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi ge­çi­ri­ler. Fo­ru­ma da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň köp san­ly we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň hem-de Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­na­şar­lar.
Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne giň ugur­lar — baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­ny, ma­ýa go­ýum iş­le­ri­ni ös­dür­mek, tä­ze ýa­tak­la­ry öz­leş­dir­mek, ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, ne­bit­hi­mi­ýa, gaz­hi­mi­ýa, hi­mi­ýa pu­dak­la­ry we elekt­roe­ner­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa taý­dan zy­ýan­syz önüm­çi­lik­le­ri or­naş­dyr­mak, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry çek­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zi­ler. Bu ba­ra­da 20-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ama­now ha­sa­bat ber­di.