11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Premýer-ministrini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň forumyň işine gatnaşmagynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik, halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, türkmen Bitaraplygynyň dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we ynanyşmak medeniýetini ilerletmek babatda nusgalyk häsiýete eýedigini belledi hem-de paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş taryhynyň möhüm senesi — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek forumyň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek we netijeli strategik çemeleşmeleri durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady. Türkmenistany we Azerbaýjany umumy taryhy-medeni miras baglanyşdyrýar. Bu bolsa doganlyk ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki gatnaşyklar, halkara guramalaryň çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň berk binýadynyň bardygyny subut edýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Premýer-ministr Ali Asadowyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny bellediler.