26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna tarap ugur aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çagyryldy.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Biziň şeýle dostlukly ýagdaýda ýygnanyşmagymyzyň özi, meniň pikirimçe, GDA giňişliginde hakyky strategik hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak ruhunda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge gyzyklanmalarymyzyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy.
Bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar. Arkalaşygyň ugry boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, tehnologik garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegine, bilelikdäki senagat önümçiliginiň hem-de ylmy kuwwatlyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen utgaşykly çäreler geçirildi. Netijede, GDA döwletleriniň ykdysady we maliýe özygtyýarlylygy pugtalandyryldy, harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa serişdeleriniň içerki bazarlary okgunly ösdürildi, sebit derejesinde goşulyşmak meýilleri çuňlaşdyryldy.
Ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de korrupsiýa garşy göreş boýunça oňyn hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Prezident W.Putin GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň bir bitewi medeni-ynsanperwer giňişligi saklap galmak, raýatlaryň arasynda dürli görnüşli alyşmalary giňeltmek ýaly möhüm ulgamy hem öz içine alýandygyny belledi.
Biziň halklarymyzy, hakykatdan-da, köp zatlar birleşdirýär: umumy taryh, ruhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň, ýörelgeleriň çuňňur özara baglanyşygy hem-de elbetde, biziň köp milletli döwletlerimizi baglanyşdyryjy kuwwatly güýç bolan rus dili diýip, Russiýanyň Lideri kanagatlanma bilen nygtady we Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyly “Rus diliniň ýyly” şygary astynda geçirmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Umumy pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýän maksatlara hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek guramanyň işiniň ähmiýetli taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň esaslandyrylan gününden bäri oňa gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň erkine, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar.
Geografik taýdan ýakynlygy hem-de taryhda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary bilen birleşen Arkalaşygyň döwletleri hakykat ýüzünde uly artykmaçlyklara eýedirler, olaryň netijeli peýdalanylmagy ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, bu gurama geosyýasy hem-de geoykdysady babatda eýeleýän orunlaryna laýyklykda, yklymda has ähmiýetli orna mynasyp bolmalydyr. Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmalydyr.
Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.