11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň geçirilmeginiň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy we özara ynanyşmak medeniýetini berkitmäge aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň durmuş ulgamynda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda döwlet Baştutanymyz Muhammad Şahbaz Şarif bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Týanszin şäherinde geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjekdigine, olaryň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň wajyp şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif dost-doganlyga, özara hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.