5-nji fewralda Mary welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyndan dalaşgärlige hödürlenen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy M.Janmyradow duşuşygy açdy.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berildi. Ol dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony tertipli, hemmeler tarapyndan hormatlanylýan we sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmazdan ozal, özüne bildirilen ynam üçin hemmelere hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyny we mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän syýastyny dowam etjekdigini nygtady.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgerendigini belläp, dalaşgär döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik binýatlarynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini, döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Türkmenistany täze tapgyrda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakynda kabul edilen Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän täze Kanunlary we kanunçylyk-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagy we kabul etmegi öz işiniň möhüm ugry hökmünde kesgitlenjekdigini belledi.

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika we obasenagat toplumlarynyň, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, şeýle hem mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini üpjün edýän milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm üns berler.

Şeýle hem B.Gurbanow ozalkylary ýaly milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmegiň hasabyna ilatyň saglygynyň dikeldilmegine uly ähmiýet beriljekdigini nygtady.

“Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyzda ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, hassahanalaryň, şypahana we sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, şeýle hem beýleki wajyp durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary giňden ýaýbaňlandyrylar.

Duşuşygyň dowamynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olarda esasan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary barada gürrüň edildi. Hususan-da saýlawçylary bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ony täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýaly meseleler gyzyklandyrdy.

Örän netijeli geçen duşuşyk we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, B.Gurbanow saýlawçylaryň ynamyny ödemek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.