Şu gün Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bar. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan hem öz gezeginde ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda elektrik energetika, nebitgaz senagaty, himiýa, gurluşyk, ulag hem-de oba hojalyk pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşi gazanmak üçin innowasion çemeleşmeleriň hem-de Ýaponiýa ýaly öňdebaryjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary tehnologiýalar ulgamynda Ýaponiýanyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa we durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýapon medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary Türkmenistanda hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem Ýaponiýada uly gyzyklanma bildirýärler.
Imperator Naruhito bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýapon diliniň okadylmagynyň örän guwandyryjydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperator Naruhita minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.