Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sportuň futbol we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirildi.
Çärä Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, hem-de bu ýerde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň ahyrynda tapawutlanan gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan sylaglar gowşuryldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.