22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saud diplomaty täze bellenen türkmen Ilçisiniň wezipesine girişmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi ugrunda bilelikde işleşmäge taýýardygyny nygtady.