14-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine hem garadylar.
PDF









