22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy.
«Baglanyşyga maýa goý – durnuklylykda ös» şygary astynda geçirilýän halkara forumyna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli döwlet wekilleri, işewür toparlaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan 2000-den gowrak adam gatnaşdy.
2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda öňe sürlen möhüm başlangyç hökmünde ýüze çykan Tbilisi Ýüpek ýoly forumy häzirki wagtda söwda, ulag, energetika we sanly arabaglanyşyk meseleleri boýunça strategik pikir alyşmalary ilerletmäge yzygiderli goşant goşýan öňdebaryjy halkara çärä öwrüldi.
Forumda çykyş etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň howpsuzlyga ählumumy we bölünmez konsepsiýa hökmünde garaýandygyny, onuň dürli ugurlary öz içine alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýa we bitaraplyk ýörelgeleriniň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi ýaly üç esasy sütüne esaslanjak Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagy teklip edýär.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge hem-de ählumumy ykdysady, ulag we energetika baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi, şeýle hem Hazar we Gara deňizleriniň ekoulgamyny goramak boýunça halkara platformasyny döretmekde tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk hasaplaýandygy bellenildi.
R.Meredow Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny berkitmek ugrundaky tagallalaryna ygrarlydygyny nygtap, 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürlendigini belledi.
Forumyň çäklerinde ulag we logistika, «Orta geçelgäniň» ösdürilmegi, energetika we sanly tehnologiýalar, şeýle hem Gruziýanyň maýa goýum gurşawy we mümkinçilikleri boýunça panel sessiýalary hem geçirildi.