5-10-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäherinde iş saparynda boldular.
9-nji aprelde Rumyniýanyň Babeş-Boýan uniwersitetiniň Türkologiýa institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, parahatçylygy we dostlugy berkitmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Türkmenistan tarapyndan meşhur şahsyýetleriň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.
Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde kitaplaryň, kitapçalaryň, türkmen halylarynyň, zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.
Saparyň dowamynda Türkmen wekiliýeti Transilwaniýa milli taryhy muzeýinde saklanýan gadymy taryhy we arheologiki tapyndylar bilen tanyşdyryldy, Rumyniýanyň Babeş-Boýan uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasynda seýrek neşirler bölümi bilen tanyşdy hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyny Babeş-Boýan uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasyna ýadygärlik sowgat berdi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Kluž-Napoka şäheriniň häkiminiň orunbasary we Babeş-Boýan uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyklary geçirildi.