Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan «Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçirildi.

Iki günläp dowam eden çäräniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniñ ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriñ we edaralaryñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ,  Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryñ we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de köpsanly daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar.

Häzirki wagtda  «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ýörgünli boldy. Munuň sebäbini ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başardandygy bilen düşündirmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu babatdaky Karar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagaty ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Jemi VII bapdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Biz hem bu sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly serişdeleriň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagy we ýetilen belent sepgitler dogrusynda bu sergä  gatnaşyjylara söz berýäris.

Kerim TÄÇMYRADOW,

«Türkmenawtoulaglary agentliginiň» Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösüşiň täze belentlikleri röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halky bu günki gün eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler, toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn ýagdaýlarda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her bir gün şatlykly wakalara toýdur dabaralara beslenýär. Ine, şu gün hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda we senagat edarasynda,  Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi uly üstünliklere, dabaralar beslenip geçirilýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz ykdysady taýdan ýeten belent sepgitlerini görkezýän diwarlyklar bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan ýörite tehnologiýa enjamlary getirildi. Bu sergide ylym-bilim, söwda, ulag aragatnaşyk, sport, medeniýet ýaly ähli ugurlar boýunça, soňky ýyllarda ýetilen belent sepgitleri görkezýän ýörite nusgalar sergilenýär. Biz hem, «Türkmenawtoulaglary agentliginiň» agzybir işgärleri bolup, bu sergä özümiziň sergi diwarlarymyz bilen gatnaşýarys.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýäniň ösen ýurtlaryndan döwrebap, ýokary hilli awtoulaglary getirilip, ulanmaga  berildi. Biz hem awtoulaglaryň maketleri barada wideorolikleri, ätiýaçlyk şaýlary we doly maglumat berýän nusgalary getirdik. Bu awtoulaglar ýurdumyzyň Senagat we oba hojalyk pudagynda özüniň awtoulag hyzmatynyň ýokary hillerini görkezip gelýärler. Şeýle hem, biz «Türkmenawtoulaglary agentligi» bolup, sergä ýurdumyzda hereket edýän gümrük geçelgeleriniň kartlaryny, sport bilen baglanşykly awtosport boýunça dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan awtoulaglarymyzyň nusgalaryny getirdik.

Biz hem, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Awtomabil ulag ulgamyny dünýä derejesine çykarmak barada döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun!  

Myrat GURBANOW,

«Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk ministrliginiň» Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni:

Türkmenistan döwletimizde her bir gün toýdur baýramlara beslenýär. Şu gün hem ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda uly sergi öz işine başlady. Biz hem, «Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň» Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň agzybir işgärleri bolup, bu sergide özümiziň ýörite gurluşyk enjamlarymyzy we dürli serişdelerimizi getirip, halk köpçüligine şu sergiň üsti bilen görkezýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda gurluşyk pudagy uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde dürli döwrebap binalar gurulýar. Gurulýan binalarda biziň milli binagärçiligimiziň keşbiniň bolmagy bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda gurlan binalaryň birnäçesi Ginnesiň Rekordlar Kitabynda öz mynasyp ornuny tapdy. Biziň institutymyzyň taýýarlaýan hünärmenleri ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çekýärler.

Bu sergide görkezilen diwarlyklar ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan beýik üstünliklerine şaýatlyk edýär. Biz hem pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Maral GOLLIÝEWA,                                               

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmengazawtomatika müdürliginiň “Ýerastymetalgoraýyş we hil” gullugynyň 1-nji derejeli inženeri:

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar pudagyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda, halkara energetiki giňişliginde öňdebaryjylaryň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklaýar. Ýurdumyzda tebigy gazy we mineral çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlarynda dürli ugurlar boýunça ýerlemek önümçiligi döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetiň düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goşant goşmak, bäsdeşlige ukyply we ekologiýa taýdan arassa taýýar önümleri uly möçberde öndürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan möhüm taslamalar yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän önümler öndürilýär. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar, pudaga daşary ýurt maýa goýumlary oýlanyşykly çekilýär we olar netijeli özleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ykdysady syýasaty, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny hem-de ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, sebitde we dünýä energetika howpsuzlygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdeleriniň adaty çeşmelerine baý döwletleriň biri hökmünde dünýäniň esasy energiýa öndüriji ýurtlarynyň hataryna ymykly girmegini üpjün etjek örän ähmiýetli we geljekki döwürlere niýetlenen ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni we Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, LTD”  hem-de Türkiýäniň “Rönesans Endüstri tesisleri Inşaat A.Ş.” kompaniýalar konsorsiumy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan, dünýäde ilkinji gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawody gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ösen senagat döwletine öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup, ýurdumyzyň tebigy mümkinçiliklerini türkmen halkymyzyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle möhüm çäreleriň geçirilmegi, daşary ýurtly myhmanlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny we gazananlaryny görkezmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlarynyň häzirki ösüşi bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.   

Yzygiderli geçirilýän şeýle pudaklaýyn sergilerdir, maslahatlar bolsa, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegine hem-de innowasion tarapdan işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar.

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.