23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi.

Ýö­ri­te­leş­di­ri­len fo­rum dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan hal­ka­ra ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni, bi­ler­men­le­ri, ne­bit­gaz, gur­lu­şyk, ulag, ara­gat­na­şyk we ma­li­ýe dü­züm­le­ri­ni, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry hem-de yl­my mer­kez­le­ri bir­leş­dir­ýän mö­hüm meý­dan­ça öw­rül­di. Onuň mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry bo­lan pu­dak­la­ra gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek­den, ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üçin se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Fo­ru­myň işi­ne gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň giň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hal­ka­ra işe­wür­le­riň gel­je­gi uly ma­ýa go­ýum ug­ry hök­mün­de Türk­me­nis­ta­na gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de bin­ýa­dy, ne­bit­gaz se­na­ga­ty we beý­le­ki pu­dak­lar­da tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. «Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky tä­ze ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri: te­bi­gy gaz we mo­ne­ti­za­si­ýa» at­ly bi­rin­ji bö­lüm­çe­sin­de oňa gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat al­dy­lar. Top­lu­my ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­la­ryn­da iri «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni tap­gyr­la­ýyn öz­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň äh­mi­ýe­ti aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Gur­lu­şyk, ulag, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­na üns be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek işi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan bö­lüm­çä­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň döw­re­bap şä­her gur­lu­şy­gy­na, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na, onuň ga­dy­my tä­jir­çi­lik ýol­la­ry­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gin­de, TRACECA baş­lan­gy­jy esa­syn­da Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da eýe­le­ýän or­nu­na ga­ral­dy.
Mil­li se­na­gat dü­zü­mi­niň, hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi hem Türk­me­nis­ta­nyň we Ma­laý­zi­ýa­nyň hu­su­sy pu­dak­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze göz­ýe­tim­le­ri aç­ýar. Önüm­çi­li­giň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, se­na­gat, dok­ma we azyk se­na­ga­ty ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi yk­dy­sa­dy ösü­şe goş­ma­ça iter­gi ber­ýär. Türk­me­nis­tan ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Dur­nuk­ly gel­je­gi dö­ret­mek­de aras­sa ener­gi­ýa­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça he­re­ket­ler­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. Fo­rum­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny hem-de kö­mür­tur­şy ga­zy­ny azalt­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ryň çäk­le­rin­de pul se­riş­de­le­ri­ne öw­rüp bol­jak ug­le­rod­la­ryň sy­zy­lyp çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, peý­da­lan­mak we sak­la­mak ýa­ly ugur­lar­da in­no­wa­si­on çöz­güt­le­riň ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­la­ry azalt­ma­ga, äh­lu­mu­my ho­wa mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän aras­sa ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy ony dür­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Mu­nuň özi öza­ra ma­ýa go­ýum­la­ryň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ni, işe­wür­li­gi ýö­ret­mek üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni, ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, gur­lu­şyk, ne­bit we gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­on şä­her gur­lu­şy­gy, sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly ugur­lar­da tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri öz içi­ne al­ýar.