12-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.

Fo­ru­ma Türk­me­nis­tan­dan we da­şa­ry döw­let­ler­den, şol san­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­dan, Azer­baý­jan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Be­la­rus­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Finl­ýan­di­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Rus­si­ýa­dan, Hy­taý­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan je­mi 80-den gow­rak ugur­daş kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň kö­pü­si ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my ös­dür­mek, se­bi­tiň mö­hüm ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri tas­la­ma­la­ra iş­jeň gat­na­şy­jy­lar­dyr. Bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­ bol­sa dep­gin­li ös­ýän türk­men ba­za­ry üçin öz hö­dür­le­ýän ha­ryt­la­ry­dyr hyz­mat­la­ry­ny ta­nyş­dyr­ýar­lar.
Ir­den hal­ka­ra fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ba­dal­ga al­dy. Da­ba­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurtlaryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Soň­ra hormatly Prezidentimiziň hal­ka­ra mas­la­ha­ta we ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. Gut­lag­da «Biz dün­ýä­niň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na da­ýa­nyp, ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn öz­gert­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýa­rys. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gur­lu­şy­ny, mad­dy-teh­ni­ki, hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­rip, düýp­li yl­my-teh­ni­ki öz­gert­me­le­ri we iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris» di­ýip bel­le­nil­ýär.
Soň­ra ýyg­na­nan­lar ut­gaş­dy­ry­lan ser­gi meý­dan­ça­sy bi­len ta­nyş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Per­ma­ny esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry, Ara­gat­na­şyk, Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­lik­le­ri, «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» hem-de De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­luk­la­ry dö­re­dil­di. Ser­gi­de bu dü­züm­le­riň işin­dä­ki san­ly öz­gert­me­ler, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hem-de me­ýil­leş­di­ril­ýän tas­la­ma­lar gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­dy­ryl­ýar.
Ser­gi­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň di­war­ly­gy­na hem mö­hüm orun ber­lip­dir. «Akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da gur­lan Arkadag şä­he­ri­niň dur­muş inf­rast­ruk­tu­ra­sy san­ly, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­mak bi­len, mil­li bi­na­gär­li­giň iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri­niň we hä­zir­ki za­man di­zaýn usul­la­ry­nyň saz­la­şy­gy­ny özün­de jem­le­ýär.
Ser­gä «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti hem di­war­ly­gy bi­len gat­naş­yp, eme­li aň esa­syn­da türk­men di­lin­de gep­le­ýän ro­bot teh­ni­ka­sy, elekt­ron en­jam­la­ry, ka­bel­le­ri, tö­leg, SIM we sag­lyk äti­ýaç­lan­dy­ryş mag­lu­mat kart­la­ry, ban­ko­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni, mo­bil go­şun­dy­la­ry taý­ýar­la­mak­da, san­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek­de, söw­da plat­for­ma­la­ry­ny dö­ret­mek­de hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ra uly orun de­giş­li­dir. «Be­let», «San­ly çöz­güt – IT meý­dan­ça», «No­kat komp­ýu­ter», «Im­dat elekt­ro­ni­ka» ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri, «Nur­ly Tol­kun», «Türk­men in­no­wa­si­ýa» hu­su­sy kär­ha­na­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ry­na ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär­ler. Ser­gi­de bu kär­ha­na­la­ryň hyz­mat­la­ry­na giň orun ber­lip­dir. Şeý­le-de «Teh­no Mer­kez» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti elekt­rik, gaz we suw öl­çeý­ji «akyl­ly» en­jam­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Göz­den ge­çi­ri­li­şe teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­lar hem iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­rin­de öý­jük­li we in­ter­net ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýan «Hua­wei», «No­kia» kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Mo­na­ko­nyň «SSI», Fran­si­ýa­nyň «Tha­les» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ryn­da hem­ra ara­gat­na­şy­gy ba­bat­da ga­za­ny­lan­lar, «Türk­me­nÄ­lem 52oE» ikin­ji eme­li ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­nyň as­man gi­ňiş­li­gi­ne uçu­ryl­ma­gy bi­len açyl­jak müm­kin­çi­lik­ler ta­nyş­dy­ryl­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň «Eu­ro­pe­er Exchan­ge GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy tor ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da, ABŞ-nyň «For­ti­net», «Pa­lo Al­to Net­works, Inc.», «Key­sight» kom­pa­ni­ýa­la­ry mag­lu­mat do­la­ny­şy­gy­nyň we bu­lut teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň howp­suz­ly­gyn­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Wi­de Net­work So­lu­tions», Ger­ma­ni­ýa­nyň «Kont­ron» kom­pa­ni­ýa­la­ry te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hyz­mat­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar. BAE-niň «In­teg­ra City» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­war­ly­gyn­da «akyl­ly» hem-de howp­suz şä­her gur­şa­wy­ny dö­ret­mek­de, Hy­ta­ýyň «Zhe­jiang Da­hua Teсhno­lo­gy Сo., Ltd.», «Hikvision» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ryn­da bol­sa howp­suz­lyk hem-de wi­deo­gö­zeg­çi­lik ul­gam­la­ryn­da tä­ze­çil çöz­güt­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär.
Göz­den ge­çi­ri­liş­de «Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti, «Tyl­la nal», «Be­re­ket­li ne­ti­je», «Do­wam­ly ýol», «At-ab­raý», «Döw­re­bap ulag mer­ke­zi», «Hal­ka­ra Türk­men Lo­gis­tik» ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri, «EGE», «Ga­ma», «Me­no» ýa­ly lo­gis­tik kär­ha­na­lar hem iş ugur­la­ry­dyr müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar.
Şu ge­zek­ki ser­gä ulag ul­ga­myn­da dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň bir­nä­çe­si­niň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şä­he­ri­çi we şä­he­ra­ra ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ry bi­len üp­jün et­mek­de ýur­du­my­zyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len «Zhengz­hou Yu­tong Group Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­ny, de­mir ýol pu­da­gy üçin lo­ko­mo­tiw­le­ri ge­tir­mek­de ozal­dan gel­ýän hyz­mat­da­şy­myz bo­lan «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­ny gör­kez­mek bo­lar. «Lo­ge­nix In­ter­na­tio­nal», «GAP CLK World­wi­de» ýa­ly da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry lo­gis­tik hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­mak, Hy­ta­ýyň «CAMC En­gi­nee­ring Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy ösen ýol-ulag dü­züm­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da müm­kin­çi­lik­le­ri, Ger­ma­ni­ýa­nyň «Voss­loh AG» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa de­mir ýol­la­ry ber­kit­mek­de ula­nyl­ýan en­jam­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Rus­si­ýa­nyň «Si­bir», Tür­ki­ýä­niň «Tur­kish Air­li­nes» awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ryn­da ho­wa ula­gy ar­ka­ly ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­mak­da hö­dür­le­nil­ýän döw­re­bap hyz­mat­lar giň­den şöh­le­len­di­ril­ýär.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da «Türk­men­tel – 2025» at­ly yl­my mas­la­ha­tyň hem-de «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş – 2025» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. On­da ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri hem-de Hal­ka­ra elekt­roa­ra­gat­na­şyk bir­le­şi­gi­niň (ITU), Hal­ka­ra Trans­ýew­ra­zi­ýa da­şa­ma­lar bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şiň, GDA ag­za ýurt­la­ryň Ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça se­bit ar­ka­la­şy­gy­nyň (РСС), BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler.
Soň­ra mas­la­hat­lar aý­ra­tyn bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di. «Türk­men­tel – 2025» at­ly yl­my mas­la­ha­tyň «San­ly ge­çiş: Türk­me­nis­ta­nyň san­ly­laş­dyr­mak ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi» at­ly bö­lüm­çe­sin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re üns çe­kil­di.
«Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş – 2025» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň «Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk we ma­ýa go­ýum­lar: ula­gyň gel­je­gi­ne iter­gi be­ri­ji güýç» at­ly bö­lüm­çe­sin­de edi­len çy­kyş­lar­da de­mir ýol ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. 13-nji no­ýabr­da hal­ka­ra mas­la­hat öz işi­ni «Se­bit­le­ýin bag­la­ny­şyk we yk­dy­sa­dy ge­çel­ge­ler», «Üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň mul­ti­mo­dal bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek we oňa ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek», «Ho­wa gat­naw­la­ry – dur­nuk­ly ulag-lo­gis­ti­ka zyn­jy­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi» at­ly bö­lüm­çe­ler­de, şeý­le hem «Lo­gis­ti­ka­da in­no­wa­si­ýa­lar we san­ly­laş­dyr­mak» at­ly mej­lis bi­len do­wam et­di.
«Türk­men­tel – 2025» yl­my mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji gü­nün­de «Ara­gat­na­şy­gyň mil­li inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň «akyl­ly», howp­suz, özyg­ty­ýar­ly we dur­nuk­ly ösü­şi», «Ös­ýän star­tap­lar üçin eko­sis­te­ma­ny dö­ret­mek: ösüp bar­ýan ba­zar­lar­da star­tap­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek» at­ly bö­lüm­çe­ler, «Te­le­ke­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek: in­ku­ba­tor­lar, ak­se­le­ra­tor­lar we bi­lim» at­ly teh­ni­ki mej­lis gu­ral­dy. Şol gün Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Dia­lo­gue Events Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň san­ly ösü­şin­dä­ki or­ny» at­ly fo­rum, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra star­tap fo­ru­my hem gu­ral­dy. Fo­ru­myň jem­leý­ji gü­nün­de bol­sa Hal­ka­ra elekt­roa­ra­gat­na­şyk bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan «Döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň san­ly öz­gert­me­si: san­ly re­gistr­ler­den eme­li aňyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na çen­li» at­ly okuw mas­la­ha­ty, «San­ly çöz­güt – 2025» at­ly in­no­wa­si­on tas­la­ma­lar bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni yg­lan et­mek we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler.