Germaniýanyň «DeepL» onlaýn terjime platformasy «Nvidia»-nyň emeli aň çiplerini ulgamyna ornaşdyrdy. Bu bolsa internetdäki ähli materiallary 18 günde terjime etmäge mümkinçilik berýär. Bu san mundan ozal 194 gün diýlipdi. Bu ösüş «DeepL»-iň «Google Translate» ýaly beýleki internet saýtlary bilen bäsdeşlik etmegine mümkinçilik berer. Merkezi edarasy Germaniýanyň Köln şäherinde ýerleşýän kompaniýa «DGX SuperPOD» atly ulgamdan peýdalanýar. «DeepL»-iň wekili Stefan Mesken ylmy barlaglary geçirýänlere has ösen ulgamlary döretmek üçin has güýçli hasaplaýyş güýjüni hödürlemegi maksat edinýändiklerini aýtdy. Mesken ösen infrastrukturanyň şu ýyl çykarylan «Clarify» ýaly gurallara hem goşant goşjakdygyny belledi. «Clarify» teksti terjime edeninde, sözlemleriň arasyndaky baglanyşyklara anyk düşünmek üçin ulanyja sorag berýär.
Irina TIMOFEÝEWA,
Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.