Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri iýil­ýän dä­ne­li iý­mit­le­riň bi­ri bo­lan tü­wi ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­ri­ni baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, aş­ha­na­nyň aý­ryl­maz azyk ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ga­dy­my Ýa­po­ni­ýa­da pu­la de­rek ula­ny­lan ki­çi­jik ak dä­ne­ler kos­mos­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Eý­sem, dün­ýä­de şa­ly­nyň nä­çe gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär­kä?
Hü­när­men­ler Ýer ýü­zün­de tü­wi­niň 120 müň gör­nü­şi­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Eke­ran­çy­lyk­da bu eki­niň ady­na we da­şy ga­byk­ly dä­ne­si­ne şa­ly, ha­raz­dan ge­çi­ri­len azyk­lyk ak dä­ne­si­ne bol­sa tü­wi di­ýil­ýär. Şa­ly adam­zat ta­ry­hyn­da il­kin­ji eke­ran­çy­lyk ekin­le­ri­niň bi­ri­dir. Ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar şa­ly­nyň, tak­my­nan, 9 müň ýyl ozal Hy­taý­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni gör­kez­ýär. Il­ki­baş­da Ýans­zy der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da eki­len şa­ly söw­da ýo­ly ar­ka­ly Azi­ýa ýurt­la­ry­na we tu­tuş dün­ýä ýaý­ra­ýar.
Alym­la­ryň kä­bi­ri şa­ly­nyň Azi­ýa­da däl-de, Af­ri­ka­da me­de­ni­leş­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Tak­my­nan, 3 müň ýyl ozal Af­ri­ka­da şa­la meň­zeş «ory­za gla­ber­ri­ma» (tü­wi şe­kil­li) di­ýil­ýän baş­ga bir ekin ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­dir.
Şa­ly as­lyn­da köp su­wy ta­lap et­me­ýär. Bu eki­niň suw ba­san meý­dan­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi­niň se­bä­bi bol­sa, şa­ly­ny ha­şal ot­lar­dan we zy­ýan­keş­ler­den go­ra­mak­dyr. Hat­da şa­ly çä­ge­söw meý­dan­da hem bit­ýär. Em­ma ha­şal ot­lar bu eki­ni gy­syp, sa­ral­ma­gy­na ýa-da gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Ýa­po­ni­ýa­da ir­ki ýyl­lar­da «ko­ku» di­ýil­ýän öl­çeg bir­li­gi ar­ka­ly pu­luň or­nu­na tü­wi ber­lip­dir. Şeý­le­lik­de, ýa­pon­lar ko­ku ha­sa­by bo­ýun­ça aý­ly­gyň de­re­gi­ne bir ýyl­lap iý­jek tü­wü­si­ni alyp­dyr­lar.
Tü­wi­niň dün­ýä­de 120 müň­den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, uzyn, or­ta we gys­ga dä­ne­li, şeý­le hem ak, go­ňur, ga­ra, gyz­gylt reňk­li, jas­min, bas­ma­ti we şep­be­şik tü­wi ýa­ly gör­nüş­le­re bö­lün­ýär. Her gör­nü­şiň öz­bo­luş­ly ta­ga­my, dü­zü­mi we ýo­kum­ly­ly­gy bar.
Tü­wi­niň su­wy de­ri we saç üçin peý­da­ly bo­lup, tü­wi­niň su­wu­ny, esa­san, azi­ýa­ly ze­nan­lar ulan­ýar­lar.
Ýa­pon aw­tou­lag ägirt­le­ri «Hon­da» we «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň at­la­ry­nyň ma­ny­sy «tü­wi meý­da­ny», «ha­syl­ly tü­wi meý­da­ny» diý­me­gi aň­lad­ýar. Soň­lu­gy bi­len fa­mi­li­ýa hök­mün­de ge­çen bu söz­le­riň aňyr­syn­da şa­ly­çy­lyk bi­len bag­ly ro­wa­ýat­lar bar.
Ýa­po­ni­ýa­nyň Ina­ka­da­te oba­syn­da «Tam­bo sun­ga­ty» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan şa­ly eki­len meý­dan­da şe­kil ýa­sa­mak sun­ga­ty oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Oba adam­la­ry suw­ly meý­dan­lar­da şa­ly­nyň dür­li reňk­li gör­nüş­le­ri­ni saz­la­şyk­ly ekip, şe­kil­le­ri we na­gyş­la­ry dö­red­ýär­ler. Uzak­dan ýa-da ýo­kar­dan se­re­de­niň­de, şa­ly eki­len meý­dan­da tä­sin gör­nüş­le­ri syn­la­mak bol­ýar. 1993-nji ýyl­da baş­la­nan bu däp her ýyl sy­ýa­hat­çy­la­ryň müň­ler­çe­si­ni özü­ne çek­ýär.