Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Türk­men hal­ky­nyň en­çe­me alym­la­ry, şa­hyr­la­ry uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da köp­ta­rap­ly yl­my we aja­ýyp eser­le­ri bi­len türk­me­niň ady­ny şöh­rat­lan­dyr­dy. Olar yl­my we çe­per dö­re­di­ji­li­gi bi­len dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne go­şant goş­dy» di­ýip, hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny ös­dür­mek­de, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly iş­le­ri bi­ti­ren şah­sy­ýet­le­ri­mi­ze bo­lan buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär. Şeý­le şah­sy­ýet­le­riň ha­ta­ryn­da Bil­bil la­ka­my bi­len in­di üç asyr­dan gow­rak wagt bä­ri şyg­ry­ýe­tiň so­nar­ly säh­ra­syn­da saý­rap gel­ýän Nur­mu­ham­met An­da­ly­by hor­mat bi­len ýat­la­mak bo­lar.
Nur­mu­ham­met An­da­lyp ga­dy­my Ür­genç­de, ýag­ny hä­zir­ki Gur­ban­sol­tan eje adyn­da­ky et­ra­by­ň Ga­ra­ma­zy oba­syn­da dün­ýä inip­dir. Şa­hyr mu­ny:

Is­mim idi Nur­mu­ham­met ga­ryp,
Söz­de ta­hal­lu­sum idi An­da­lyp,

Şäh­ri­miz Ür­genç we­la­ýat idi,
Ha­ny­myz Şah­ga­zy he­ma­ýat idi – di­ýen se­tir­le­rin­de be­ýan edip­dir. Şa­hy­ryň ýaş­ly­gy Ga­ra­ma­zy oba­syn­da geç­ýär. Ol il­ki oba mek­de­bin­de, soň bol­sa Hy­wa­da med­re­se­de bi­lim alyp­dyr. Şa­hyr oku­wynyň da­şyn­dan Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň klas­syk­la­ry­nyň yl­my-fi­lo­so­fik iş­le­ri­ni, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni yh­las bi­len okap, öz döw­rü­niň so­wat­ly ada­my bo­lup ýe­tiş­ýär. Nur­mu­ham­me­diň esa­sy kesp-kä­ri daý­han­çy­lyk hem agaç us­sa­çy­ly­gy bo­lup­dyr. Ol ka­ka­syn­dan öw­re­nen daý­han­çy­lyk iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da oba­da jy­kyr ýa­sa­mak bi­len meş­gul­la­nyp­dyr.
Nur­mu­ham­met An­da­lyp türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyn­da iň ön­jeý­li iş­län, dö­re­di­ji­lik äle­mi diý­seň ýaý­lym­ly, dün­ýä­ga­raý­şy örän giň şah­sy­ýet­le­riň bi­ri bo­lup, Gün­do­ga­ryň par­lak ýyl­dyz­la­ry Ru­da­ky, Fer­döw­si, Ja­my, Saa­dy, Ny­za­my, Omar Haý­ýam, No­wa­ýy, Aza­dy ýa­ly söz us­sat­la­ry­nyň de­re­je­si­ne bar­ma­gy ba­şa­ran şah­yr­dyr. Onuň «Leý­li – Mej­nun», «Ýu­sup – Zü­leý­ha», «Ba­ba­röw­şen», «Zeý­ne­la­rap», «Me­li­ke – Mäh­ri­ni­gär» des­san­la­ry, «Oguz­na­ma», «Ry­sa­la­ýy Ne­si­mi», «Kys­sa­ýy Fyr­gun» ýa­ly mesnewileri, ýüz­ler­çe şy­gyr­la­ry di­ňe bir türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň däl, bü­tin Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren eser­ler­dir.
Be­ýik söz us­sa­dy­nyň aja­ýyp eser­le­ri­niň her bi­ri ha­kyn­da aý­ra­tyn agzap geçmek bo­lar. Şu ýer­de onuň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çy­kan «Sag­dy-Wak­gas» ese­ri­niň üs­tün­de du­rup ge­çe­liň. Söz us­sa­dy «An­da­lyp ti­li­ge gel­di he­ka­ýat, An hez­ret­den ky­lar tur­fa ro­wa­ýat» di­ýip, baş­lan­ýan bu ese­ri­ni halk ro­wa­ýa­ty esa­syn­da ýa­zyp­dyr. Dä­be gö­rä, des­sa­nyň so­ňun­da ol: «An­da­lyp diýr dün­ýä öter eg­len­mez, uş­bu dün­ýä ki­me we­pa eý­le­di» di­ýen se­tir­ler­inde öz ady­ny ge­ti­rip­dir.
An­da­ly­byň «Sag­dy-Wak­gas» ese­ri­niň gö­çür­me nus­ga­sy nä­bel­li aw­tor ta­ra­pyn­dan XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da ýa­zy­lyp­dyr. Bu gol­ýaz­ma nus­ga­sy­ny wen­ger aly­my Ar­mi­niý Wam­be­ri Or­ta Azi­ýa sy­ýa­ha­ty ma­ha­lyn­da, ýag­ny 1863-nji ýyl­da ele sa­lyp­dyr. Der­wüş sy­pa­ty­na gi­rip, oba­dan-oba, il­den-ile ja­han­keş­de­lik edip, türk­me­niň ga­dy­my mi­ra­sy, mil­li me­de­ni­ýe­ti bi­len gy­zyk­la­nyp, mag­lu­mat top­lap ýö­ren alym­da bu eser çuň­ňur gy­zyk­lan­ma dö­re­dip­dir. Şeý­le­lik­de, ol bu ese­ri öz ýa­ny bi­len alyp gi­dip­dir we ba­ryp Ger­ma­ni­ýa­nyň Leýp­sik şä­he­rin­de ne­şir edil­en «Ça­ga­taý ede­bi­ýa­ty­nyň hres­to­ma­ti­ýa­sy» at­ly ki­tap­da ýer­leş­di­rip­dir. A.Wam­be­ri ese­riň maz­mu­ny­nyň Ýew­ro­pa oky­jy­la­ry­na düş­nük­li bol­ma­gy üçin ne­mes di­lin­de be­rip­dir. Şeý­le­lik­de, An­da­ly­byň «Sag­dy-Wak­gas» des­sa­ny bü­tin Ýew­ro­pa ara­la­şyp­dyr.
Soň­ky za­man­lar­da di­ňe bir Ýew­ro­pa­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de ki­tap söw­da­sy güý­jäp ug­ra­ýar. Şun­luk­da, ady­gan ne­şir­çi­ler «Sag­dy-Wak­gas» ese­ri bi­len gy­zyk­la­nyp ug­rap­dyr­lar. 1916-njy ýyl­da Daş­ken­tde O.A.Per­so­wyň çap­ha­na­sy bu ese­ri «Seý­pel­me­lek-Met­hal­je­mal», «As­ly-Ke­rem», Fi­zu­ly­nyň «Leý­li-Mej­nun» des­san­la­ry bi­len bir jilt­de öz­ba­şy­na bir bi­te­wi ki­tap edip çap edip­dir we Tür­küs­ta­na ýaý­ra­dyp­dyr.
Türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant go­şan Nur­mu­ham­met An­da­ly­byň eser­le­ri özü­niň ma­ny-maz­mun ge­ri­mi­niň giň­li­gi bi­len he­mi­şe söý­lüp okal­ýar. Des­san­çy­lyk dä­bi­ni ös­dür­mek­de hem söz us­sa­dy­nyň ta­gal­la­sy ulu­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň ýö­ri­te Ka­ra­ry bi­len 2011-njy ýyl­da şa­hy­ryň 350 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­di.

Su­raý ME­RE­DO­WA,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­ra­byn­da­ky
53-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.