Halkara awiasiýa gatnawlary bileleşigi (IATA) uçar ýolagçylarynyň sanynyň 2043-nji ýyla çenli 8,6 milliarda ýetjekdigini habar berýär. Bu görkeziji häzirki wagtda 5,2 milliarda deň. Şeýle bolansoň, awiakompaniýalar, uçar öndüriji kompaniýalar we howa menzilleri bu artyşa taýýarlyk görýärler. Maglumatlara görä, esasan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde has köp ösüşiň bolmagyna garaşylýar. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda 100 töweregi täze howa menziliniň gurulmagyna garaşylýar. Nýu-Deliniň golaýynda gurulýan Noida Halkara howa menziliniň açylmagyna garaşylýar. Ilkibaşda diňe ýük gatnawy üçin peýdalanyljak aeroport soňra ýolagçy gatnawlarynyň gatnawynda hem peýdalanylar. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli 21 goşmaça howa menzili gurlar, bar bolan aeroportlaryň 50-si giňeldiler. Dünýäniň dürli ýerlerinde hem täze howa menzilleri gurlar ýa-da bar bolan aeroportlar giňeldiler. BAE-niň «Dubai World Central» aeroporty giňeldilip, her ýylda 260 million ýolagça hyzmat etmegi üçin mümkinçilik dörediler. Londondaky Hitrou, Ispaniýadaky Madrid-Barahas we Barselona, Fransiýanyň paýtagtyndaky «Pariž-Şarl de Goll», Nýu-Ýorkdaky Jon F.Kennedi adyndaky, Singapuryň «Changi» aeroportlary giňeldiler. Awstraliýada bolsa 50 ýyldan soňra gurulýan howa menzili arassa energiýadan peýdalanýandygy we daşky gurşaw bilen sazlaşyklydygy bilen tapawutlanar. Günbatar Sidneý Halkara howa menziliniň üçeginde 6 müňden gowrak Gün paneli oturdylar we ýagyş suwy ýygnalyp, peýdalanylar.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.