26-njy dekabrda Nepalyň Prezidenti Bidhýa Dewi Bhandari Kommunistik partiýanyň başlygy Puşpa Kamal Dahaly hökümet başlygy wezipesine belledi. Bu barada Prezidentiň edarasyndan alnan maglumatlara salgylanyp, “The Himalayan Times” neşiri habar berdi.
Nepalyň Prezidenti parlamentiň Wekiller palatasynyň (aşaky palatasynyň) 275 agzasynyň 169-synyň goldawyny alandan soň, Dahaly hökümet başlygy edip bellemek kararyna geldi. Gazetiň bellemegine görä, täze Premýer-ministriň kasam kabul ediş dabarasy şu gün bolar.
68 ýaşly syýasatçy üçünji gezek Nepalyň hökümetine ýolbaşçylyk eder. Ol bu wezipäni 2008-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli we 2016-njy ýyldan 2017-nji ýyla çenli eýeledi.