«Hyundai Motor» topary (HMG) uçýan ulaglary öndürmek we geljekde bu ugurda ösüş gazanmak üçin «Supernal LLC» atly kompaniýa döretdi. Koreý brendiniň «Şäheriň howa hereketi» (Urban Air Mobility) atly maksatnamasynyň çäklerinde elektrik energiýasy bilen işleýän uçýan ulaglar öndüriler. Häzirki wagtda köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak üçin uçýan awtoulag (eVTOL) işläp taýýarlaýan kompaniýa täjirçilik maksatly ilkinji uçuşyny 2028-nji ýylda ýola goýmagy göz öňünde tutýar. 2030-njy ýylda bolsa bu bazardaky ornuny kämilleşdirmegi maksat edinýär. «Supernal» kompaniýasy diňe bu ugra gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirip, uçýan awtoulag önümçiligini we tehnologiýasyny kämilleşdirmegi üznüksiz ýagdaýda dowam etdirer.
4 ýa-da 5 orunlyk howa ulagy ilki şäher içindäki gatnawda peýdalanylar. Elektrik energiýasy bilen işlejek bu ulag howpsuz ýagdaýda bolup, awtomatik usulda hem hereket edip biler. Halkara derejede-de infrastrukturasyny we ýaýrawyny giňeltmek üçin ABŞ-da, Kanadada we Beýik Britaniýada hem täze taslamalary durmuşa geçirer.