UEFA-nyň 3-nji derejeli klub ýaryşy, täze bäsleşigi bolan Konferensiýa Ligasynda garaşylyşy ýaly “Çelsi” topary çempionlyk gazandy. Londonlylar Polşanyň Wroslaw şäheriniň adybir stadionynda oýnalan finalda Ispaniýanyň “Betis” toparyny uly hasap bilen, 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Bosniýa we Gersegowinadan Irfan Pelitonyň jürlewük çalan oýnuna tomaşa etmek üçin 39 müň 754 janköýer stadiona ýygnandy. Çekeleşikli geçen duşuşyga ispan erjel başlady. Eýýäm 9-njy minutda Ebde Ezzalzuli ispaniýaly Iskonyň asist etmeginde hasaby açdy. Umumylykda 1-nji ýarymda oýnuň jylawy Betis toparynda boldy. Ýöne duşuşygyň 2-nji ýarymy başgaça ýagdaýda geçdi. 65-nji minutda Koul Palmeriň pasyndan soň Enzo Fernandes hasaby deňledi. Bu goldan 5 minut soň ýene-de Palmeriň ajaýyp asisti bilen Nikolas Jekson “Çelsini” öňe çykardy. Şondan soň azda-kände arkaýynlaşan “Çelsi” topary garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnady. “Betis” topary bolsa goragy ünsden düşürip, hüjüme ýykgyn etdi. Iňlisler bu pursatdan peýdalanyp, 83-nji minutda ýene bir gol geçirdi. Bu owadan goly oýna soň giren Jeýdon Sanço öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň 90+1-nji minutynda bolsa Moises Kaisedo tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Çelsi” topary 4-1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek UEFA Konferensiýa Ligasynyň kubogyny gazandy.
UEFA Konferensiýa Ligasy 4-nji gezek geçirilip, 2021/22 möwsüminde “Roma” “Feýenoordy” 1-0, 2022/23 möwsüminde “West Ham” “Fiorentinany” 2-1, 2023/24 möwsüminde “Olimpiakos” “Fiorentinany” goşmaça wagtda 1-0 hasaplar bilen ýeňipdi. Bu ýaryşda ilkinji gezek italýan topary finalda çykyş etmedi.
Finalda utulan ilkinji ispan topary
Bu duşuşyga çenli 2001/02 möwsüminden bäri ispan klublary UEFA-nyň ýaryşlarynda oýnan finallarynyň ählisinde ýeňiş gazanypdy. Şol döwürde 23 finalda ispan klublary ýeňilmändi. “Çelsi” 2001-nji ýyldan bäri finalda ispan toparyny ýeňen ispan bolmadyk ilkinji klub hökmünde hasaba alyndy. Soňky gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda 2001-nji ýylda “Bawariýa” hem-de “Liwerpul” finalda ispan klublaryny ýeňen ispan bolmadyk toparlar diýlip bellenilipdi. “Bawariýa” UÇL-de “Walensiýany”, “Liwerpul” UEFA Kubogynda “Alawesi” utupdy.
5 ýaryşda-da ýeňiji boldy we 9-njy kubogy
“Çelsi” topary UEFA-nyň iri ýaryşlarynyň ählisinde – Çempionlar Ligasynda, Ýewropa Ligasynda, Konferensiýa Ligasynda, UEFA Super Kubogy duşuşygynda hem-de ozalky Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk topar boldy.
Bu ýeňiş “Çelsiniň” UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 9-njy kubogy bolup, 2012-nji we 2021-nji ýyllarda UEFA Çempionlar Ligasynda, 2013-nji we 2019-njy ýyllarda UEFA Ýewropa Ligasynda, 1971-nji we 1998-nji ýyllarda ozalky Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynda, 1998-nji we 2021-nji ýyllarda-da UEFA Super Kubogyny gazanypdy.
Ýene bir London kluby
UEFA Ýewropa Ligasyndan soň, UEFA Konferensiýa Ligasynda-da London şäheriň kluby, ýagny “Tottenhamdan” soň “Çelsi” hem ýeňiji boldy. Şeýle-de, Konferensiýa Ligasynda 1 ýyldan soň kubok ýene-de London şäherine gaýdyp geldi. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Londonyň “West Ham” topary çempionlyk gazanypdy.
Şägirt halypdan ozdurdy
“Çelsi” klubuna ýene bir ýola italýan tälimçileri kubok gazandyryp, Enzo Mareska finalçy “Betisiň” tälimçisi Manuel Pellegrininiň hem şägirdi, hem-de kömekçisi bolupdy. Pellegrini “Malaga” toparyna tälim berende, çilili hünärmen italiýaly futbolçyny transfer edipdi. Şol sanda Pellegrini “West Hamy” türgenleşdiren döwürlerinde Mareska onuň ýardam beriji tälimçileriniň biri bolupdy.
Çempion hökmünde “Çelsi” topary 7 million ýewro bilen sylaglansa, finalçy “Betise” 4 million ýewro berler.
Koul Palmer duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.
BETIS: Adrian – Sabali, Bartra, Natan, Rikardo Rodriges (Perro 46) – Fornals (Altimira 85), Isko, Kardoso (Lo Çelso 85) – Antoni, Bakambu (Aitor Ruibal 72), Ezzalzuli (Hesus Rodriges 53); TälimçiL Manuel Pellegrini
ÇELSI: Ýorgensen – Gusto (Jeýms 46), Çaloba, Badiaşile (Kolwill 61), Kukurelýa – Kaisedo, Enzo Fernandes – Madueke, Palmer (Gui 87), Pedro Neto (Sanço 61) – Jekson (Dýuwsburi-Holl 80); Tälimçi: Enzo Mareska
GOLLAR: Ezzalzuli 9 – Fernandes 65, Jekson 70, Sanço 83, Kaisedo 90+1
Bellik: suratlar uefa.com saýtyndan alyndy.