UEFA-nyň ýaryşlarynyň özara iň köp duşuşan 2 topary – “Real Madrid” bilen “Bawariýa” 29-30-njy gezek güýç synanyşarlar. Mundan öňki 28 oýna seredenimizde “Real Madrid” güýçli garşydaşyny 13, Bawariýa 11 gezek ýeňmegi başardy. 4 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. “Realyň” 45 goluna münhenliler 42 gol bilen jogap berdi.

Olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1975/76 möwsüminiň ýarym finalynda geçirilip, Madriddäki oýun 1-1, Münhendäki duşuşyk 2-0 hasabynda nemes klubunyň peýdasyna tamamlanypdy.

1999/00 möwsüminde 2-nji tapgyryň toparçalaryndaky oýunlaryň 2-sinde hem “Bawariýa” 4 golly ýeňiş gazandy. Ýagny Madridde 4-2, Münhende-de 4-1 hasaplar bilen garşydaşyny utupdy. Duşuşyklarda Mehmet Şoll, Zikler ýaly futbolçylar 2 gezek tapawutlanypdy. Şol möwsümde toparlar ýarym finalda-da gabatlaşypdylar. Öz meýdançasynda Anelkanyň hem-de Ýeremiesiň (awtogol) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Real Madrid” myhmançylykda 2-1 utulsa-da, finala çykypdy. Finalda-da “Walensiýany” 3-0 hasabynda ýeňen madridliler kubogy gazanypdy.

2013/14 möwsüminde öz meýdançasynda Benzemanyň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Real” myhmançylykda garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizipdi. Şol gollary Ramos (2) bilen Ronaldo (2) geçiripdi. 2016/17 möwsüminde çärýek finaldaky duşuşyklaryň 2-si hem dartgynly geçipdi. Münhende ýer eýeleri Widalyň goly bilen öňe geçse-de, 2-nji ýarymda Ronaldonyň gollary esasynda madridliler ýeňiş gazanypdy. Oýnuň soňky ýarym sagadyny “Bawariýa” 1 oýunçy kem oýnapdy. Jogap duşuşygy has-da dartgynly geçip, jedelli pursatlara baý boldy. Duşuşygyň esasy wagtynda “Bawariýa” Ronaldonyň goluna garşylyk Lewandowskiniň hem-de Ramosyň (awtogol) gollary bilen 1-nji oýundaky hasaby gaýtalady. Ýöne 84-nji minutda Widalyň gyzyl kart almagyndan soň, ähli bähbitler Realyň peýdasyna boldy. 105-nji we 110-njy minutlarda tapawutlanan Ronaldo duşuşygy het-trik bilen tamamlady. 112-nji minutdaky Asensionyň goly-da oýna soňky nokady goýupdy.

Soňky 4 gabatlaşmada indiki tapgyra çykan “Real Madrid” bolsa-da, bu gezekki çärýek finalda “Bawariýany” bir ädim öňde hasaplaýanlaryň sany az däl. Real Madrid mundan öňki tapgyrda Mançester Sitini 2 ýerde-de ýeňip, ýaryşdan çykardy. Real Madrid bilen Mançester Siti hem esasan-da, soňky ýyllarda ýygy-ýygydan özara duşuşýan toparlardyr.

Mundan öňki “Real” – “Bawariýa” duşuşyklary:

1975/76 – ½ final: Real – Bawariýa: 1-1, 0-2

1986/87 – ½ final: Bawariýa – Real: 4-1, 0-1

1987/88 – ¼ final: Bawariýa – Real: 3-2, 0-2

1999/00 – 2-nji tapgyryň toparçalarynda: Real – Bawariýa: 2-4, 1-4

1999/00 – ½ final: Real – Bawariýa: 2-0, 1-2

2000/01 – ½ final: Real – Bawariýa: 0-1, 1-2

2001/02 – ¼ final: Bawariýa – Real: 2-1, 0-2

2003/04 – 1/8 final: Bawariýa – Real: 1-1, 0-1

2006/07 – 1/8 final: Real – Bawariýa: 3-2, 1-2

2011/12 – ½ final: Bawariýa – Real: 2-1, 1-2, 3-1 (p)

2013/14 – ½ final: Real – Bawariýa: 1-0, 4-0

2016/17 – ¼ final: Bawariýa – Real: 1-2, 2-4 (g.w.)

2017/18 – ½ final: Bawariýa – Real: 1-2, 2-2

2023/24 – ½ final: Bawariýa – Real: 2-2, 1-2