UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşynda-da täze möwsümiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, “Liwerpul” “E” toparçada Awstriýanyň LASK, Belgiýanyň “Ýunion Sent-Žillua”, Fransiýanyň “Tuluza” klublary bilen bije çekişdi.
Italiýanyň “Roma” toparyna-da “G” toparçada “Slawiýa Praga”, “Şerif”, “Serwette” ýaly klublar düşdi.
32 klubuň 6-sy ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşýar. Olar Serbiýanyň “Baçka Topola”, ýagny TSS, şol sanda Kipriň “Aris Limassol”, Polşanyň “Rakuw”, Şweýsariýanyň “Serwette”, Şwesiýanyň “BK Haken” hem-de Angliýanyň Braýton” klublarydyr.
Toparçalardaky duşuşyklar 21-nji sentýabrda başlap, 14-nji dekabrda tamamlanar.
Her toparça 1-nji orny eýelänler 1/8 finala çyksa, 2-nji orny eýelänler Çempionlar Ligasynyň toparçalarynda 3-nji ýeri eýelänler bilen 1/8 finala çykmak üçin pleý-off duşuşygyny geçirerler.
A TOPARÇA: «West Ham», «Olimpiakos», «Fraýburg», «Baçka Topola» (TSS);
B TOPARÇA: «Aýaks», «Marsel», «Braýton», AEK;
C TOPARÇA: «Reýnjers», «Betis», «Sparta Praga», «Aris Limasol»;
D TOPARÇA: «Atalanta», «Sporting», «Şturm», «Rakuw»;
E TOPARÇA: «Liwerpul», LASK, «Ýunion Sent-Žillua», «Tuluza»;
F TOPARÇA: «Wilýarreal», «Renn», «Makkabi Haýfa», «Panatinaikos»;
G TOPARÇA: «Roma», «Slawiýa Praga», «Şerif», «Serwette»;
H TOPARÇA: «Baýer», «Garabag», «Molde», «BK Haken».