Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde parahatçylyk ýörelgelerini hem-de ynanyşmak dialogyny ilerletmek, sebit we dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek boýunça tagallalaryna gurşalan dabaralara beslenýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi eziz Watanymyzyň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy. BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli bu forumda dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljek üçin meýilnamalary gözden geçirilip, çözülmegi oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri talap edýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çünki, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografik taýdan ýerleşişi sebäpli ulag, söwda, ykdysady ösüş babatdaky kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýandyklary sebäpli bu meseleleriň oňyn çözgütleri halkara derejesinde kabul edilýär.

Ulag ul­ga­my­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­dal­ga be­ren giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri­niň hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri hem döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş döw­let­ler, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len iri tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär, ola­ry bi­le­lik­de ama­la aşy­ryp, döw­re­bap ulag dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Ulag pu­da­gyn­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek şu gü­nüň wa­jyp we­zi­pe­si­dir. Şun­da ýur­du­myz ho­wa ulag­la­ry pu­da­gyn­da Hal­ka­ra ra­ýat awia­si­ýa­sy gu­ra­ma­sy, Ho­wa ula­gy­nyň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy, Ýew­ro­pa­nyň uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça agent­li­gi, aw­to­mo­bil ulag­la­ry pu­da­gyn­da Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi, de­mir ýol ulag­la­ry pu­da­gyn­da De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry pu­da­gyn­da Hal­ka­ra De­ňiz Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry, hormatly Prezidentimiziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ho­wa ula­gy pu­da­gyn­da-da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze ho­wa men­zil­le­ri gu­rul­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da sa­gat­da
1 müň 600-e go­laý ýo­lag­çy ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty bo­lan Aş­ga­ba­dyň, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat we Ker­ki şä­her­le­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri­ni, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Je­bel şä­her­çe­sin­däki Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni gör­kez­mek bo­lar.
BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çä­gin­de te­le­ke­çi­lik, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, ulag-lo­gis­ti­ka ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek, söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ýö­ri­te­leş­di­ri­len mej­lis­ler we çä­re­ler gu­ral­dy.
Türk­me­nis­tan gün­do­gar bi­len gün­ba­ta­ryň, de­mir­ga­zyk bi­len gü­nor­ta­nyň ara­syn­da ýer­leş­ýän öz­bo­luş­ly üs­ta­şyr ýag­da­ýy­na eýe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­duň ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gyň, se­bit­le­ýin in­teg­ra­si­ýa­nyň we söw­da akym­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­niň esa­sy fak­to­ry hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler üçin dur­nuk­ly inf­rast­ruk­tu­ra dö­ret­mek, ara­bag­la­ny­şy­gy ber­kit­mek we päs­gel­çi­lik­siz üs­ta­şyr ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mas­la­hat­da be­ýan et­di.
Wi­se-prem­ýe­riň söz­le­ri­ne gö­rä, Türk­me­nis­ta­nyň üs­ti bi­len bir­nä­çe mö­hüm hal­ka­ra ge­çel­ge­ler geç­ýär: Ha­za­rüs­ti hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si (HHUG), De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si, Ha­zar ge­çel­ge­si, Ow­ga­nys­tan bi­len de­mir ýol bir­le­şi­gi, Hy­taý–Türk­me­nis­tan–Pars aý­la­gy ýa­ly müm­kin­çi­li­gi uly bo­lan gu­ry ýer ge­çel­ge­si we beý­le­ki­ler bar. Şe­ýle hem Eý­ran we Öz­be­gis­tan bi­len ser­het­de tä­ze lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, Ba­ku we Ak­tau port­la­ry bi­len bi­le­lik­de Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka plat­for­ma­sy ös­dü­ril­ýär.
Umu­man, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da stra­te­gik taý­dan amat­ly çäk­de ýer­leş­ýän Türk­me­nis­tan bu se­bi­ti Ha­zar deň­zi ar­ka­ly dün­ýä ba­zar­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry be­ýan et­di.

Mähri AKGAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.