14-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi birnäçe ugurlar boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.