Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Onda döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeler, möhüm meseleler halka sala salnyp, köpçülik bilen geňeşilip, taryhy Kararlardyr Permanlar kabul edildi. Il-halk bilen maslahat etmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerimizdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem şeýle asylly ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýdyň göz ýetirdik.
Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen Permanlara laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy we ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi döwlet sylaglary bilen sylaglandy.
Mundan başga-da, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.
Bulardan başga-da, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimligi, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň häkimlikleri, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül etraplarynyň häkimlikleri, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň häkimligi döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we Türkiýe Respublikasynyň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret Anonim Şirketi» kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Hormatly Prezidentimiziň taryhy mejlisde eden çykyşlaryndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň döwlet syýasaty ähli pudaklarda innowasiýalara we ösüşe gönükdirilendir. Ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary bolan gurluşyk-senagat toplumy, himiýa we oba hojalyk pudaklary häzirki döwürde giň möçberli özgertmelere we täze önümçilikleriň işe girizilmegine eýe bolýar.
Soňky ýyllarda gurluşyk pudagynda innowasion önümçilige aýratyn üns berilýär. 2025-nji ýylda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasy we täze aýna önümleri öndürýän önümhana ulanyşa berildi. Bu täze kärhanalar diňe bir içerki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, daşary ýurtlara eksport mümkinçiliklerini hem artdyrýar.
Ýakyn geljekde ýurdumyzda birnäçe iri himiýa önümçilik desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär: Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplum; Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry; Türkmenabatdaky mineral dökünler toplumy; Mary welaýatynda mineral dökün öndürýän täze zawod. Bu taslamalar himiýa senagatynyň eksport mümkinçiliklerini giňeldip, ýurdumyzy dünýä bazarynda bäsdeşlige has-da ukyply eder.
Döwlet syýasatynyň esasy maksady halkyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdyr. Şonuň üçin iş orunlaryny döretmek, ilatyň iş üpjünçiligi boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli döredilen täze iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Şeýle hem «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Netijede, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ähli ugurlary – gurluşyk, himiýa senagaty, oba hojalygy we durmuş ulgamy – halkyň bagtyýar geljegine hyzmat edýär. Döwletiň baş maksady bolsa öňki ýaly, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň dünýäde güýçli ykdysady döwlete öwrülmegini üpjün etmekdir.
Aýtäç HAJYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.