Garaşsyzlyk – arzuwlaryň wysaly

62

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ýurdumyzyň ähli ulgamynda gazanylýan üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýy­ly­nyň için­de Wa­ta­ny­myz­da äh­li ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­ny­lyp, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Hä­zir­ki wagt­da hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu be­ýik iş­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. Dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne, yl­my­na sal­dam­ly go­şant go­şan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­me­gi­ne, dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da orun al­ma­gy­na uly iter­gi ber­di.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­le­ti­mi­ziň ýe­ten sep­git­le­ri­ne na­zar aý­la­ny­myz­da, ýur­du­myz­da ylym, bi­lim, oba ho­ja­lyk, söw­da, ulag-lo­gis­ti­ka, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki ul­gam­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň, ga­za­nyl­ýan ösüş­le­riň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da gur­lup, ulan­ma­ga ber­len bi­na­lar­dyr, des­ga­lar şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň baý­ram­çy­ly­gy­na aja­ýyp sow­gat­dyr. «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen ýö­rel­gä­ni baş şy­ga­ra öw­ren hormatly Prezidentimiziň dur­mu­şa ge­çir­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň oňyn ne­ti­je­le­ri Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za eçil­ýän mi­we­si­dir.
Ýur­du­myz­da ön­dü­ri­lip, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da orun al­ýan önüm­le­riň bar­ha art­ma­gy hal­ky­my­zyň be­ýik iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len we ýerine ýetirilýän iş­le­riň, dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň sa­ka­syn­da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýa­daw­syz zäh­me­ti, taý­syz ta­gal­la­la­ry du­ran­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň bir­nä­çe esas­la­ry bar. Ga­raş­syz­ly­gyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, hu­kuk, ideo­lo­gik hem-de hal­ka­ra esas­la­ry ba­ra­da bol­sa aý­ra­tyn du­rup geç­mek müm­kin. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň sy­ýa­sy esas­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da tä­ze döw­le­tiň eme­le ge­len­di­gi, onuň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny öz­baş­dak ama­la aşyr­ýan­dy­gy bi­len ýü­ze çyk­ýar.
Ga­raş­syz­ly­gyň yk­dy­sa­dy esas­la­ry bol­sa ba­zar gat­na­şyk­la­ry, şeý­le hem tä­ze döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi esa­sy ýö­rel­ge­le­riň bi­ri hök­mün­de saý­lap al­dy, şeý­le hem tä­ze yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra tap­gyr­la­ýyn geç­me­giň ugur­la­ry­ny kes­git­le­di.
Ga­raş­syz­ly­gyň hal­ka­ra esas­la­ry hem aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Türk­me­nis­tan bi­ra­gyz­dan BMG-niň deň­hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Şol dö­wür­den baş­lap, türk­men döw­le­ti hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da özü­niň or­nu­ny ber­ki­dip baş­la­dy. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de yk­rar edil­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­ta­ny ikin­ji ge­zek he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de yk­rar et­di. Şu ýyl bol­sa, BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy üçünji ge­zek yk­rar edil­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler hem tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ryl­dy.
Bu gün da­şa­ry we içer­i sy­ýa­sat­da oňyn öz­ge­riş­lik­le­ri ga­zan­ýan Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra me­se­le­ler ba­bat­da öz pi­ki­ri­ni aý­dyp, oňyn tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Ýurdumyzyň 30 ýyl mun­dan öň yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar, Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň se­bit­le­rin­de ýü­ze çy­kýan gap­ma-gar­şy­lyk­lar ba­bat­da dü­şü­niş­mez­lik­le­ri gep­le­şik­ler ar­ka­ly, pa­ra­hat­çy­lyk ýo­ly bi­len çöz­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, «Dur­muş­da­ky äh­li dü­şün­je­dir bi­lim­ler Wa­tan­dan baş­lan­ýar. Äpet Ýer to­ga­la­gy­nyň Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­tan bi­ziň eziz Wa­ta­ny­myz­dyr, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan we soň­ky ne­sil­le­re gal­jak ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­dyr. Bu nu­ra­na top­ra­gy söý­mek, go­ra­mak, gül­let­mek bi­ziň her bi­ri­miz üçin parz­dyr. Bi­ziň at-ab­ra­ýy­myz, mer­te­bä­miz we de­re­jä­miz şu top­ra­gyň şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­te­rip bil­şi­mi­ze bag­ly­dyr. Ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir da­ban ýe­ri bi­ziň iň be­ýik mu­kad­des­li­gi­miz­dir».

Amantäç BERDIHANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.