Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzirki wagtda ählitaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolmak bilen, uly ösüşlere beslenýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giň gerimli gaz hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna 20 ýyl doldy.
2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Pekinde bolan ýokary derejeli gepleşikleriniň netijesinde Türkmenistanda Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky taslama badalga berildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň döredilmegi iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara düşünişmek we öňdengörüjilikli syýasatlary esasynda mümkin boldy.
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Ähtnamanyň maksady Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasyny döretmek we işini ýola goýmak, «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegleri» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli bakalawrlary we magistrleri taýýarlamakdyr.
Hytaý Halk Respublikasy nebitgaz pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, «Lu Ban ussahanalary» 2500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen meşhur hytaýly oýlap tapyjy Lu Banyň adyny göterýär. Ol öz döwründe häzirki günlerde-de giňden ulanylýan iş gurallarynyň köpüsini döredipdir. Häzire çenli Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň onlarça ýurdunda şeýle okuw merkezleri üstünlikli hereket edýär. Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy 2026-njy ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde dabaraly ýagdaýda açylar hem-de öz işine başlar. Bu taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Sylap Atamyradow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasynyň mugallymy.
PDF









