Şu ýyl meşhur rus sazşynasy we folklorçysy Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiniň ýurdumyza amala aşyran ylmy saparynyň başlamagyna 100 ýyl boldy. Merkezi Aziýa halklarynyň aýdym-saz medeniýetini öwrenmegiň taryhynda meşhur sazşynaslar – Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiniň (1879-1949) we Wiktor Mihaýlowiç Belýaýewiň (1888-1968) ylmy işleri aýratyn orny eýeleýär. Olar 1925-1928-nji ýyllarda Türkmenistanyň dürli künjegine syýahat edip, saz-etnografik saparlarynyň üçüsini amala aşyrýarlar. Geçen XX asyryň başynda, türkmen medeniýeti professional sungaty döretmekde has çynlakaý ädimleri ädip başlanda, nesilden nesle geçip gelýän baý saz mirasy çuňňur öwrenmek we olary gorap saklamak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şol döwürde W.A.Uspenskiý bilen W.M.Belýaýew bu ugurdaky özboluşly işine başlaýarlar.
Türkmen halk saz döredijiligi baradaky ylmy esaslandyrmakda uly iş bitiren W.A.Uspenskiý öz saparlarynyň dowamynda meşhur bagşylar bilen duşuşyp, türkmen saz sungaty barada köp sanly maglumatlary toplaýar we 350-den gowrak halk sazlaryny hem-de mukamlary nota geçirýär. Rus kompozitory Wiktor Aleksandrowiç 1918-nji ýylda Daşkende göçüp gelip, bütin ömrüni Merkezi Aziýa halklarynyň aýdym-saz folklor baýlygyny gorap saklamaga bagyşlaýar. Onuň ilkinji etnografik işine hut biziň ýurdumyzdan başlamagy türkmen halkynyň baý aýdym-saz mirasyna eýedigini görkezýär.
Uspenskiý syýahatyň esasy ýüküni öz üstüne alýar. Onuň ylmy topary 4 ýylyň içinde türkmen obalarynyň köpüsinde saparda bolýar. Onuň adamkärçiligi we aýdym-saza bolan höwesi ýerli bagşylaryň hem-de sazandalaryň ünsüni özüne çekýär. Netijede, olar uly höwes bilen Uspenskä hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Türkmen atly ýigitleri bolsa, oňa ýolbeletlik edýärler.
1927-nji ýylyň oktýabrynda Wiktor Uspenskiý Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy), Esenguly, Gyzyletrek (häzirki Etrek), Garrygala (häzirki Magtymguly), Nohur we Bamy sebitlerine ylmy saparlary amala aşyrýar. Olar Gyzyletregiň üsti bilen Çata gelensoňlar, çalt akýan Sumbar derýasyndan kynlyk bilen geçip, Soňudaga barýarlar. Uspenskiý syýahatynyň dowamyndaky ýol ýazgylarynda Etrek we Soňudag sebitleriniň owadan tebigaty we haýwanat dünýäsi barada aýratyn belläp geçýär. Onuň Soňudaga saparynyň esasy maksady, gadymy aýdym-sazlary nota geçirmek we resminamalaşdyrmak üçin meşhur Çowdur bagşy bilen duşuşmak bolupdyr. Çowdur bagşy il içinde ussat dutarçy, köp sazlary we goşgulary ýatdan bilýän bagşy hökmünde tanalypdyr. Ýöne saz öwrenijä Çowdur bagşy bilen görüşmek miýesser etmändir. Sebäbi Çowdur bagşy Soňudagdan has aňyrdaky obalaryň birine toýa çagyrylyp, gaýdyp geljek wagty hem belli bolmandyr. Şondan soň saz öwreniji Soňudagdan 21 kilometr töweregi uzaklykdaky Sumbar derýasynyň kenaryndaky Gyzylbaýyrdaky Duzolum obasyna gelýär. Ol bu ýerde Gulmämmet Kütmen oglunyň öýünde myhman bolýar. Uspenskiý oba adamlary bilen bolan gürrüňdeşlikde Soňudagda bolanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň aram tapan ýeriniň şol ýerden uzakda däldigini bilip galyp, zyýarat etmek mümkinçiligini elden giderenine juda gynanýar. Sazşynas öz etnografik ýazgylarynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekiliniň guburyna golaý baryp hem oňa zyýarat edip bilmändigine örän ökünýär. Ol Duzolum obasynda Gulmämmet aganyň öýünde myhmançylykda bolanda, oba adamlaryndan Magtymguly Pyragynyň birnäçe şygyrlaryny hem ýazyp alýar. Hakykatda, Uspenskiniň bu sebitlere sapary ýeňil bolmandyr, ýöne onuň gözleglere bolan hyjuwy, halk medeniýetine çuňňur hormat goýmagy oňa gymmatly maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Belläp geçsek, 100 ýyla golaý mundan öň, Türkmenistana saz ýazmaga gelen sazşynas Wiktor Uspenskiniň myhman bolan öýi Gulmämmet aganyň nebereleri häzirki wagtda Gyzylbaýyr obasynda ýaşaýar. Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy Tuwakmämmet (atasy Janmämmet) agasy Gulmämmediň we onuň aýaly Akmeňliniň bu myhmansöýerligini hemişe uly buýsanç bilen ýatlaýar. Saz öwrenijileriň Çowdur bagşyny idäp gelişleri we olaryň Gulmämmet Kütmen oglunyň öýünde myhman bolşy barada W.A.Uspenskiý bilen W.M.Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitabynda jikme-jik gürrüň berilýär.
Uspenskiý tarapyndan toplanan maglumatlar seljerme we ylmy taýdan düşündiriş talap edipdir. Şeýlelikde, bu işe görnükli sazşynas-teoretik we saz taryhçysy W.M.Belýaýew hem gatnaşýar. Belýaýew Uspenskiniň ýazgylaryny öwrenip, türkmen halk aýdym-sazlarynda düýpli derňew geçirýär. Türkmen halk saz döredijiliginiň kakuw aýratynlyklaryny, ritm gurluşlaryny, äheň we ýerine ýetiriş usullaryny öwrenýär.
Şeýlelikde, olaryň bilelikdäki işi iki jiltlik «Türkmen sazy» eserinde öz beýanyny tapýar. Bu kitapda diňe bir toplanan sazlar hödürlenmän, eýsem, türkmen aýdym-saz ulgamynyň aýratynlygyny açyp görkezýän çuňňur saz seljermeleri hem beýan edilýär. Netijede, 1928-nji ýylda kompozitor we folklorçy W.A.Uspenskiniň we W.M.Belýaýewiň «Türkmen sazy» atly monografiýasynyň birinji jildi, 1936-njy ýylda bolsa, ikinji jildi kitap görnüşinde çapdan çykýar. Uspenskiý sazy ýazyp almagyň täze usullaryny we takyk nota transkripsiýasyny ulanyp, bagşy-sazandalaryň hut özlerinden halk aýdymlaryny, saz gurallarynyň heňlerini we gadymdan gelýän nusgawy sazlary nota geçirýär. Kitapda türkmen folklor žanrlary hem beýan edilip, saz öwreniji alym olary hüwdi aýdymlary, läleler (gyzlaryň ýerine ýetirýän aýdymlary), ýaş gelinleriň (çuwal gyzlaryň) aýdymlary, zähmet aýdymlary, monjugatdy aýdymlary we toý aýdymlary ýaly toparlara bölýär.
Uspenskiniň we Belýaýewiň ylmy barlaglary türkmen medeniýeti hem-de saz sungaty üçin uly ähmiýete eýedir. Türkmen halk saz döredijiligi öwrenilende W.A.Uspenskiniň we W.M.Belýaýewiň atlary hem-de olaryň Türkmenistana amala aşyran saparlary uly hormat bilen ýatlanýar. 1929-njy ýylda ussat kompozitor we sazşynas Wiktor Aleksandrowiç Uspenskä «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär.
Häzirki wagtda W.A.Uspenskiniň W.M.Belýaýew bilen bilelikde neşir eden «Türkmen sazy» monografiýasynyň peýda bolmagyna 100 ýyla golaý wagt geçdi, ýöne ol henizem aýdym-saz mekdepleriniň we konserwatoriýanyň okuwçylary üçin maglumat kitabydyr. Bu kitap onýyllyklardan soň, 2016-njy ýylda Aşgabatda iki tomluk görnüşinde täzeden neşir edildi. Türkmen saz ylmyndaky bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Aşgabatdaky köçeleriň birine Uspenskiniň ady dakyldy. Şu ýylyň aprel aýynda Uspenskiniň ýurdumyza amala aşyran ylmy saparynyň başlamagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Sazşynasyň saparlarynyň türkmen medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen medeniýetini we sungatyny ylmy derejede öwrenip, häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitiren ussat saz sungatyny öwreniji alym W.A.Uspenskiniň ylmy gözlegleri, ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlary we mysallary getirdiler. Şeýle hem geçen ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň çeperçilik bölümi tarapyndan Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas-etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan çäre guraldy.
Şadurdy Sadykow,
Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky 9-njy orta mekdebiniň mugallymy.