Tebigatyň iň uly täsinlikleriniň biri uzak ýyllap ýaşaýan janly-jandarlaryň bolmagydyr. Eşideniňde haýran galýandygyňa garamazdan, käbir jandarlar 100 ýyldan gowrak, käbir ösümlikler bolsa 1000 ýyldan gowrak ýaşap bilýärler. Şeýle jandarlaryň arasynda «gödek gaýa balygy» ady bilen tanalýan «sebastes aleutianus» bar. Adatça balyklar görnüşine baglylykda 3-4 ýyldan 40 ýyla çenli ýaşaýarlar. Gödek gaýa balygy iň uzak ýaşaýan balyklaryň biri hasaplanýar. Gyzgylt reňkli bu balyklar 200 ýyla çenli ýaşaýarlar.
Gödek gaýa balygy Ýuwaş ummanynda Kaliforniýadan Ýaponiýa çenli aralykda ýaşaýar. Dünýäde ýitip gitmek howpy abanýan bu balyklaryň uzynlygy 97 santimetre çenli bolup, ownuk balyklardyr deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Agramy 7 kilograma çenli ýetýän bu balygyň ýiti dişi, tegelenip daşyna çykyp duran gözi we kertik-kertik ýüzgüçleri bar.
Gödek gaýa balygy ilkinji gezek 1898-nji ýylda amerikaly içtiologlar (balyklary öwrenýän alym) tarapyndan Alýaskanyň Şelikof bogazyndaky Kodiak adasyndan tapylýar. Şondan soňra altynsow reňkli bu ýyrtyjy balyk köpçülige mälim edilip, resmi taýdan yglan edilýär. Bu balyklar Ýuwaş ummanynyň 150-450 metr çuňlugynda ýaşaýarlar. «Sebastes aleutianus» ummanyň düýbündäki gaýalarda, gowaklarda we çukurlarda ýaşamagy halaýar. Şol sebäpli bu balyklara gödek gaýa balyklary diýilýär.