Sy­ýa­hat­çy­lyk ýa-da dynç al­mak mak­sa­dy bi­len uzak ýo­la çyk­mak he­mi­şe şow­ly bol­ma­ýar. Käte ýol­da kä­bir säw­lik­ler bilen ýüz­be-ýüz bol­nup, iç­gys­gynç ýag­daý­lar we ýa­daw­lyk ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Esa­san hem, maşgala agzalaryň bilen aw­tou­lag­ly uzak ýo­la ge­ze­len­je çy­ky­lan­da sy­ýa­ha­tyň şow­ly we tä­sir­li ta­mam­lan­ma­gy üçin kä­bir zat­la­ra üns ber­me­li.
Me­ýil­na­ma düz­mek. Ýo­la çyk­maz­dan ozal dynç al­ma­ga bar­ýan ýe­riň bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ly. Şol ýe­riň ho­wa­sy, ýa­tak­ha­na şert­le­ri we ta­gam­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ma­ly. Bu şol ýe­re dynç al­ma­ga ba­ra­ny­ňyz­da özü­ňi­zi ar­ka­ýyn duý­ma­gy­ňy­za we me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder.
Ula­gy göz­den ge­çir­mek. Ýo­la çyk­maz­dan ozal ula­gy aw­tou­lag us­sa­la­ry­nyň gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çir­me­li. Ow­nuk-uşak ýer­le­ri­ne çen­li be­jer­dip, ze­rur bo­lan äti­ýaç­lyk şaý­la­ry alyp, soň­ra ýo­la çyk­ma­ly.
Uky­ňy al­mak. Uku­syz ýo­la git­mek sü­rü­ji üçi­n hem, ýo­lag­çy­lar üçi­n hem oňaý­ly bo­lup bil­mez. Ýol ýa­daw­ly­gy has uza­ga çe­kip, bir hep­dä tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler. Şol se­bäp­li uzak ýo­la sy­ýa­ha­ta git­mez­den ozal uky­ňy ka­da­ly al­ma­ly we ün­sü­ňi bir ýe­re jem­le­mä­ge ça­lyş­ma­ly.
Res­mi­na­ma­la­ry­ňy ýa­nyň bi­len al­mak. Kä­te gys­sa­ny­lyp ýo­la çy­ky­lan­da res­mi­na­ma­la­ryň ýat­dan çyk­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar. Şol se­bäp­li sy­ýa­ha­ta ug­ra­maz­dan ozal, egin-eşik­le­ri­ňi taý­ýar­la­ýan wag­tyň res­mi­na­ma­la­ry­ňy hem tor­ba­ňa sal­ma­ly.
Ätiýaç suw almak. Ýo­la çyk­ýan ada­myň ýa­nyn­da hök­ma­ny ýag­daý­da suw bol­ma­ly. Ýol­da gi­dip bar­ýar­kaň suw iç­mek ün­sü­ňi jem­le­mä­ge, özü­ňi dür­se­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem, tol­gun­ma­la­ry azalt­ma­ga, ýi­ti­ril­ýän su­wuk­ly­gyň öwe­zi­ni dol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Sag­dyn iý­mit­len­mek. Ýo­la bar­ýan adam­la­ryň kö­pü­si ýa­ny bi­len gap­la­nan önüm­le­ri, gaz­lan­dy­ry­lan içim­lik­le­ri al­ýar­lar. Bir­nä­çe sa­gat­lap aw­tou­lag­da otu­ryp, taý­ýar iý­mit­le­ri iý­mek gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, kä­bir nä­hoş­luk­la­ra se­bäp bo­lup bil­ýär. Şol se­bäp­li agyr we ýag­ly iý­mit­le­riň ýe­ri­ne mi­we­dir ter gök önüm­le­ri iý­mek sy­ýa­ha­tyň şow­ly baş­lan­ma­gy­na ýar­dam edýär.
Bel­li ara­lyk­da dynç al­mak. Uzak ýo­la gi­dip bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bel­li bir ara­lyk­lar­da 5 mi­nut­lyk sak­la­nyp, eý­läk-beý­läk ýö­re­me­gi, bi­raz dynç al­ma­gy mö­hüm­dir. Çün­ki uzak wagt­lap aw­tou­lag­da he­re­ket­siz otur­mak gan aý­la­ny­şy­na we be­den ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Äti­ýaç pul al­mak. Ýol­da ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka­lar we goşmaça çykdajylar bolup biler. Şol se­bäp­li ýa­nyň bi­len äti­ýaç pul al­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
Der­man gu­tu­sy­ny ýat­dan çy­kar­maz­lyk. Uzak ýo­la çy­ky­lan­da ýü­rek bu­lan­ma, ba­şaý­lan­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Şol se­bäp­li il­kin­ji kö­me­gi ber­mek üçin der­man gu­tu­sy­ny ýa­nyň bi­len al­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Şeýle hem dermanlaryň we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň ulanyş wagtyna hem üns bermegi unutmaň!