Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu kändäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.
Häzirki wagtda günbatar Türkmenistanda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde satyn alnan kuwwatly buraw desgalarynyň güýji bilen amala aşyrylyp, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň “Uzynada” käninde gazanan üstünligi Milli Liderimiziň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň we tabşyryklarynyň netijeli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri bilen duşuşyp, türkmen nebitçileriniň nebitgaz gorlaryny artdyrmak, nebitiň, gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy. Şonda bu täze ýatagy çalt depginler bilen özleşdirmek üçin gözleg-agtaryş maksatly guýular bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň hem wajypdygy nygtaldy.