Şu gün, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bäş günläp dowam eden V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS 2025) tamamlandy. Olimpiada-da daşary ýurtlaryň, ýagny Russiýanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Indoneziýanyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, we Polşanyň jemi 31 ýokary okuw mekdebinden 130-den gowrak, ýurdumyzdan bolsa 400 töweregi talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.
Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Olimpiadada türkmen talyplary ýokary netijäni görkezip, jemi 201 medalyň, ýagny ýekebara görnüşde 182 toparlaýynda bolsa 19 medal gazanmagy başardylar. Olar bäsleşigiň şahsy görnüşinde altyn medallaryň 35-sine, kümüş medallaryň 59-syna, bürünç medallaryň bolsa 88-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 3 kümüş, 14 bürünç medaly eýelediler. Halkara olimpiada-da özbegistanly talyplar ýekebara bäsleşikde 66, toparlaýyn görnüşde 11, russiýaly ýaşlar şahsy bäsleşikde 39, toparlaýyn bolsa 5 medal gazandylar. Bu olimpiada ilkinji gezek gatnaşan Birleşen Arap Emirliklerinden gelen talyplar 1 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar. Şonuň ýaly-da Indoneziýadan, Hindistandan, Polşadan we Rumyniýadan gelen talyplaryň her biri 1 bürünç medal gazandylar.
Dabaranyň dowamynda üstünlikli çykyş eden zehinli talyplara ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary tarpyndan altyn, kümüş we bürünç medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.