Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde häzirki wagtda ulag serişdeleri ýolagçylara uzak aralyga gidenlerinde ýokary derejeli rahatlygy hödürleýär. Şeýle bolansoň, uzak ýola gitmek ýadadyjy däl, eýsem, has gyzykly pişä öwrülýär. Germaniýaly 17 ýaşly Lasse Stolli atly programmaçy ýigdekçe bolsa, hemişe diýen ýaly otly wagonynda wagt geçirýär. Ol her gün diňe Germaniýanyň däl, eýsem Ýewropanyň başga bir şäherinde oýanýar. Ýaş ýigit eýýäm 600 müň kilometr ýol geçipdir. Emma ol beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, haýsydyr bir ýere gitmek üçin däl, ýaşamak üçin otla münýär. Otly wagonlary onuň üçin diňe ýaşamak üçin öýi däl, eýsem iş ýeri hökmünde hem hyzmat edýär. Sebäbi ol pandemiýa döwründe ýoň bolşy ýaly, “öýden” ýa-da başga söz bilen aýdylanda uzak aralykdan işleýär. Işi programmaçy bolansoň, oňa kompýuteriniň ýanynda bolmagy ýeterlik. Ol otluda syýahat etmek üçin her ýylda 10 müň ýewro sarp edýär. Bu pul serişdesi nemes şäherlerindäki öýleriň kärende töleginden has arzan. Ine, şu ýagdaý hem onuň köp wagtyny otluda geçirmeginiň esasy sebäbi bolupdyr. Stolli “Deutsche Bahn” (German demir ýollary edarasy) otlusynyň iň rahat we gymmat bolan birinci klas wagonynda ýaşaýar. Ol her gün Germaniýanyň we beýleki goňşy Ýewropa şäherleriniň arasynda 600 kilometr çemesi ýol geçýär. Otluda uklaýar, ertirligini şol ýerde edýär, eşiklerini hem otludaky el ýuwarda arassalaýar. Baran şäherlerinde köpçülik üçin niýetlenen howuzlardaky duşlarda suwa düşýär. Ol haýsy şähere (daşary ýurtlardaky şäherler hem bolup biler) gitjekdigini şol gün meýilleşdirýär. Islese Alp daglarynyň eteklerindäki kiçiräk şäherlere, islese iri metropollara gidýär. Onuň üçin hiç hili tapawudy ýok. Sebäbi ol hemişe syýahat edýändigi üçin ýeňillikli ýol kartyndan peýdalanýar. Programmaçy ýigit syýahat edýän wagty ýan kompýuterini açyp, işini edýär. Daş-töweregindäki sesler bimaza etmezligi üçin ýörite ses geçirmeýän gulaklygyny dakynýar. Ukusy tutan wagty boýnuňy agyrtmaýan ýörite egri ýassygy egnine goýup, rahat oturgyjynda uklaýar.
Ol otlynyň özüne syýahat etmek erkinligini hödürleýändigini aýdýar. Ertirligini Baltika deňziniň kenarynda edinenden soňra, agşam naharyny Alp daglarynyň eteginde Günüň batyşyna tomaşa edýärkä iýýär. Ol 2022-nji ýylda 16 ýaşyndaka ýurduň demirgazygyndaky dogduk mekany Fokbek şäherinden gaýdypdyr. Ol ilkibaşda 2 müň 800 ýewro “ikinji klas” wagona bir ýyllyk ýolagçy kartyny alypdyr. Bu kart uzak aralyga syýahatlarda 25 göterimlik ýeňillik berýän eken.
Soňra bolsa, ýyllyk 6 müň dollarlyk, has giň we rahat oturgyçlary bolan hem-de başga-da köp mümkinçilik hödürleýän ýolagçy kartyny satyn alypdyr. Bu kart oňa wokzallarda ýokary derejeli tölegsiz hyzmatlar hödürlenýän garaşylýan zallardan, tölegsiz internetden peýdalanmaga we syýahat wagty tölegsiz naharlanmaga mümkinçilik beripdir.
Ol “Business Insider”-a beren interwýusynda uzak aralyga syýahat edeninden özüni öýünde ýaly duýýandygyny belleýär. Ol syýahat çykmazdan ozal el telefonyndaky mobil goşundydan gitjek şäheriniň ugrunda otlularyň haýsyndan düşüp, haýsyna münüp biljekdigini we howanyň ýagdaýyny görýär. Ol köplenç syýahatçylaryň has köp barýan şäherlerine, adalara we dag eteklerine gidýär. Iri şäherlerden Berlinde has köp wagt geçirýän hem bolsa, arasynda Frankfurta we Mýunhene gidýär.
Bir ýyldan gowrak wagtda Stolli Ýeriň daşyny on iki gezek aýlanyp çykan ýaly ýol geçipdir.
Stolli başdan geçirýän gyzykly wakalaryny öz blog sahypasynda ýazýar. Stolli häzire çenli Fransiýa, Norwegiýa we Türkiýe ýaly ýurtlara hem otly arkaly syýahat edipdir.
Onuň ähli goşy arkasynda göterýän torbasyna sygýar. Özbaşdak işi bar hem bolsa, ene-atasy oňa maliýe goldawyny berýär. Mysal üçin saglyk ätiýaçlandyrmasyny maşgalasy töläp beripdir.