7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ser­ker­de­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­le­ti­mi­ziň go­ran­mak uky­by­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy Di­ýa­ry­myz­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne ün­si çe­kip, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, dü­züm­le­ýin eda­ra­lar­da hu­kuk se­riş­de­le­ri­niň döw­re­bap usul­la­ry­ny ulan­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­nun­la­ryň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de ka­nu­ny­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, ka­nun bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çe­kip, Baş pro­ku­ro­ra bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war – ap­rel aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, mi­nistr­li­giň iş­gär­le­ri üçin dö­re­dil­ýän gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çek­di hem-de ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew şu ýy­lyň dört aýyn­da ka­zy­ýet işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hormatly Prezidentimiz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ni, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, ka­zy­ýet ka­rar­la­ry­nyň ka­nu­ny­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da döw­le­ti­miz­de aba­dan­çy­ly­gy sak­la­mak, döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­le­ri we işiň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny ulan­mak ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysynyň tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň dört aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, goň­şy döw­let­ler bi­len dost-do­gan­ly­gyň ser­he­di bo­lup dur­ýan ýur­du­my­zyň ser­het­le­ri­niň go­ra­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny yg­ty­bar­ly üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ser­het ga­la­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­lu­gy üçin göw­ne­jaý şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ha­sa­bat döw­rün­de mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek, türk­me­nis­tan­ly­la­ra de­giş­li hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek, ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny ha­sa­ba al­mak, ada­lat eda­ra­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di hem-de mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew 2025-nji ýy­lyň ýan­war – ap­rel aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň ser­he­din­den ýük­le­riň, şol san­da üs­ta­şyr ýük­le­riň ka­da­ly ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň güm­rük ser­he­din­den ge­çi­ril­ýän ýük­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek, ola­ry güm­rük taý­dan res­mi­leş­dir­mek işi­niň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na güm­rük no­kat­la­ry­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, san­ly­laş­dyr­ma­gyň we bu ul­ga­ma öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­be­si­ni giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa eda­ra­la­ry­nyň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­ga, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýyl ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­de mö­hüm çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy we gul­lu­gyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy mej­li­si jem­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň har­by howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we bu ugur­da­ky iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.