Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji gezek Rim papasy Fransis bilen duşuşdy. G20 sammitine gatnaşmak üçin Rime gelen hindi myhmanyny Rim papasy kabul etdi. Modi Rim Papasyna kümüş şemdan we kitap sowgat etdi. Rim Katolik kilisesiniň başlygy Hindistanyň Premýer-ministrine «Çöl baglyk bolar» diýen ýazgyly bürünç nyşany gowşurdy. Duşuşykda Watikan bilen Nýu-Deliniň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Narendra Modi papany öz ýurduna çagyrdy.