2-nji oktýabrda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Grand Hotel Wien» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy we Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň goldawy bilen gurady.
Bu çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Wena şäher häkimliginiň, Wenada akkreditirlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň ýolbaşçylary, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Agşamyň aýdym-saz maksatnamasynda türkmen sazandalarynyň we aýdymçylarynyň çykyşlary boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisi guraldy we milli tagamlar hödürlendi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm