2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa barlaghanasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnosyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda söwdadaky kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji päsgelçilikleriň milli derejesinde seljerilmeginiň alnyp barylmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, bu seljerme ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi durnukly depginlerde üpjün etmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmäge, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň halkara söwda ulgamyna has giňden goşulyşmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny we konsepsiýalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Ýokary ähmiýetli ugurlaryň hatarynda söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi, milli hil infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, şol sanda standartlaşdyrma, tehniki kadalaşdyrma, meteorologiýa we akkreditasiýa ulgamynyň ösdürilmegi, şeýle hem ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegi aýratyn bellenilýär.
Geçirilýän işleriň netijeleri we degişli teklipler 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde degişli taraplaryň gatnaşmagynda hödürlener. Garaşylyşy ýaly, bu seljermegiň netijeleri işewürlik gurşawyny kämilleşdirmäge, daşary ykdysady işjeňligi ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge we Türkmenistany durnukly ösüş hem-de köpugurly ykdysadyýet ugrunda öňe ilerletmäge hyzmat eder.